Sepleriň elýeterliligi

Çikago şäherinde NATO harby bileleşiginiň Sammiti açyldy


Ýekşenbe güni Birleşen Ştatlaryň Çikago şäherinde NATO harby bileleşiginiň ýörite Sammiti açyldy.

Iki gün dowam etjek bu Sammitiň dowamynda 28 agzadan ybarat bu harby bileleşigiň liderleri käbir möhüm halkara meseleleri bilen birlikde, NATO-nyň goşunlaryny 2014-nji ýylyň ahyryna çenli Owganystandan çykarmak we bu ýurt bilen şondan soňky ediljek hyzmatdaşlyklar barada-da maslahat ederler.

Mundan daşary, NATO-nyň Ýewropada ýerleşdirmekligi planlaşdyrýan howa gorag sistemasy bilen bagly meseleler-de bu Sammitiň gün tertibinde bolar diýlip garaşylýar.

Bu gürrüňi edilýän howa gorag sistemasynyň Ýewropada ýerleşdirilmegine Orsýet garşy çykyş edip gelýär.
XS
SM
MD
LG