Sepleriň elýeterliligi

“Rubin” komandasynyň kubogynyň nusgasy Aşgabada getirildi


Şenbe güni Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň başlygy Farid Muhametşin Tatarystanyň “Rubin” futbol komandasynyň ýakynda gazanan Orsýetiň kubogynyň we onuň altyn medalynyň nusgasyny Aşgabatda prezident G.Berdimuhamedowa gowşurdy.

Bu çärä bagyşlanylyp şenbe güni Türkmenistanyň Sport we turizm baradaky institutynda ýörite dabara geçirildi.

Geçen hepde türkmenistanly belli trener Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygyndaky “Rubin” futbol komandasy ilkinji gezek Orsýet Federasiýasynyň kubogyna eýe boldy.

Ýöne bu komandanyň kubogynyň we medalynyň nusgasynyň prezident Berdimuhamedowa gowşurylyşy bilen bagly berlen resmi maglumatda Türkmenistanyň resmi habar agentligi trener Gurban Berdiýewiň adyny asla agzamandyr.
XS
SM
MD
LG