Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putiniň syrly maşgalasy


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (sagda) ýan ýoldaşy Lýudmilany ogşaýar, öňki prezident Dmitriý Medwedew bolsa aýaly Swetlanany ogşaýar, Kreml, 7-nji maý.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (sagda) ýan ýoldaşy Lýudmilany ogşaýar, öňki prezident Dmitriý Medwedew bolsa aýaly Swetlanany ogşaýar, Kreml, 7-nji maý.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen onuň ýan ýoldaşy Lýudmila Putina prezidentlik saýlawlary güni bile göründiler. Olaryň bu hereketi är-aýal Putiniň bile ýaşap-ýaşamaýandygy baradaky soraglaryň gaýtadan ör boýuna galmagyna getirdi. Saýlaw güni ýan ýoldaşy bilen ses bermäge gelen Lýudmila Putina arasynda Putiniň goluna degdi, ýöne Putin reaksiýa bermedi. Saýlaw uçastogyndan çykanda bolsa, Lýudmila Wladimir Putin bilen gol tutuşyp durdy. Internetde ýaýradylan bir suratda Putin ýan ýoldaşynyň elini gysyp dur, suratyň aşagynda “6 ýyldan görşeris” diýlip ýazylgy. Orsýetde indiki prezidentlik saýlawlary 6 ýyldan soň geçirilmeli.

Adamlaryň köpüsi Lýudmilany ýurduň birinji hanymy hasaplamaýarlar. Aradan uzak wagt geçenden soň, jübütler saýlaw güni bile bir ýerde göründiler. Emma bu ýerde 12 ýyl bäri Orsýeti dolandyrýan Putiniň maşglasyna degişli bir syr bar ýaly görünýär.

Putiniň ýan ýoldaşy we onuň iki gyzy baradaky maglumatlar juda çäkli. Aýdylmagyna görä, är-aýal köpden bäri aýry ýaşaýar. Gyzlarynyň bolsa ýokary okuw jaýynda başga atlar bilen okaýandygy aýdylýar. Putiniň gyzlarynyň nirededigini, hatda olaryň Orsýetde ýaşap-ýaşamaýandyklaryny, işläp-işlemeýändiklerini hem hiç kim bilenok. Orsýetli žurnalistleriň aýtmagyna görä, ýurduň döwlet howpsuzlygy barada maglumat almak Putiniň maşgalasy barada makala ýazmakdan has aňsat.

2008-nji ýylda “Moskowskiý Korrespondent” gazeti Putiniň öz ýan ýoldaşy bilen aýrylyşyp, olimpiýa oýunlarynda gimnastikada altyn medal alan Alina Kabaýewa (sagda) öýlenjekdigini öňe sürüpdi.
2008-nji ýylda “Moskowskiý Korrespondent” gazeti Putiniň öz ýan ýoldaşy bilen aýrylyşyp, olimpiýa oýunlarynda gimnastikada altyn medal alan Alina Kabaýewa (sagda) öýlenjekdigini öňe sürüpdi.
2008-nji ýylda “Moskowskiý Korrespondent” gazeti Putiniň öz ýan ýoldaşy bilen aýrylyşyp, olimpiýa oýunlarynda gimnastikada altyn medal alan Alina Kabaýewa öýlenjekdigini öňe sürüpdi. Şondan soň gazeti ýapdylar. Soňra bolsa Putin prezidentligi Dmitriý Medwedewe berdi, ýan ýoldaşy bolsa gözlerden gaýyp boldy.

Ýöne geň ýeri Putiniň gyzlarynyň görünmezligidir. 27 ýaşly Mariýanyň we 25 ýaşyndaky Ýekaterinanyň atlary sosial aragatnaşyk saýtlarynyň hiçisinde duş gelmeýär. Orsýetlileriň köpüsi olaryň daş keşbini hem göz öňüne getirip bilenok.

Putin öz gyzlarynyň “adaty” durmuşda ýaşamaklaryny isleýändigini aýdypdy. Olaryň ikisi hem Sankt-Peterburg Döwlet uniwersitetinde okady. Mariýa biologiýa, Ýekaterina bolsa Aziýa boýunça bilim aldy.

Günorta koreýaly Ýoon Joowon kakasy Moskwadaky ilçihanada işleýän wagty Ýekaterina bilen görüşendigini aýdýar. Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasyna degişli şirketde işleýän gollandiýaly Jorrit Faaseniň bolsa Mariýa bilen duşuşandygy aýdylýar.

Hatda Putiniň ýakyn dostlary hem onuň maşgalasy hakynda gürrüň etmeýärler. Sankt-Peterburgyň Sazçylyk öýüniň režissýory Sergeý Roldugin Mariýanyň haç atasydyr. Onuň kömekçisi Sergeý Rolduginiň Wladimir Putin we onuň maşgalasy hakynda hiç hili soraga jogap bermejekdigini aýtdy. Kömekçisiniň aýtmagyna görä, “ol şuňa meňzeş temalar barada gürlemekden çekinýär”.
XS
SM
MD
LG