Sepleriň elýeterliligi

NATO: Owganystandan çykyş strategiýasyna garalýar


Owganystanda 10 ýyl bäri dowam edýän çaknyşygyň soňuna çykmak üçin, NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara goşunlaryny Owganystandan çykarmak plany Çikagoda geçirilýän NATO-nyň sammitinde maslahat ediler diýlip garaşylýar.

Duşenbe güni dowam edýän sammitiň ikinji gününde ýaranlygyň liderleri Owganystandaky ähli söweşiji missiýany 2013-nji ýyla çenli owgan güýçlerine tabşyrmak we 2014-nji ýyla çenli halkara güýçlerininiň 130 müňden gowrak esgerini Owganystandan çykarmak meselesine gararlar.

Owganystanyň howpsuzlyk güýçlerini goldamak üçin, NATO özüniň 28 agzasynyň maliýe kömegine mätäçlik edýär.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama ýekşenbe güni Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý bilen duşuşdy. Bu duşuşykda Obama bileleşigiň “dogry ýol bilen barýandygyny” aýtdy. Karzaý bolsa Owganystanyň mundan beýläk halkara “ýük” bolmak islemeýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG