Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň atoma gözegçilik edýän edarasynyň başlygy Tährana bardy


BMG-niň atoma gözegçilik edýän edarasynyň başlygy Eýranyň “atom ýaragyny öndürmek boýunça gizlin iş alyp barýandygy” baradaky çaklama boýunça gepleşikler geçirmek üçin Tährana bardy.

Duşenbe güni geçirilýän bu gepleşiklere BMG-niň Halkara Atom Energiýasy Gullugynyň (HAEG-iň) başlygy, ýaponiýaly Ýukiýa Amano we Eýranyň atom boýunça ýokary derejeli wekili Saeed Jalili, şeýle hem Eýranyň daşary işler ministri we beýleki resmileri gatnaşýarlar.

Amanonyň bu saparynyň maksady Eýranyň atom ýaragyny öndürmek boýunça güman edilýän işleriň alnyp barylýan desgalaryna halkara gözegçileriň baryp görmegine Tähranyň rugsat bermegine basyş etmek bolup durýar. Yslam respublikasy atom ýaragyny öndürmek meýliniň ýokdugyny aýdýar.

BMG-niň wekiliniň Tährana sapary Britaniýa, Hytaý, Fransiýa, Germaniýa, Orsýet we ABŞ bilen Eýranyň arasynda çarşenbe güni Yragyň paýtagty Bagdatda geçiriljek gepleşikleriň bosagasynda amala aşyrylýar.
XS
SM
MD
LG