Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjanyň oppozisiýasy rugsatsyz ýöriş geçirdi


Azerbaýjanyň oppozisiýa partiýalary paýtagt Baku şäherinde rugsatsyz demonstrasiýa geçirdiler. Maglumatlara görä, birnäçe protestçi ýenjilip, tussag edilipdir.

Duşenbe günündäki gapma-garşylyklarda ýaralananlaryň sany dessine belli bolmady.

Bu protest sişenbe güni azeri paýtagtynda başlanýan Ýewrowideniýe aýdym bäsleşigine taýýarlyk görülýän mahaly geçirildi.

Oppozisiýa hereketi bäsleşigiň geçýän wagtynda Azerbaýjandaky adam hukuklarynyň ýagdaýyna ünsi çekmek üçin birnäçe ýöriş geçirmekligi planlaşdyrýar. Şenbe gününe çenli dowam edýän bu bäsleşige Ýewropanyň köp ýurdundan tomaşaçylar gatnaşýarlar.

Duşenbe güni geçirilen ýörişde “Halk Palatasy” toparyna jemlenen onlarça aktiwist Nizami adyndaky edebiýat muzeýiniň golaýynda toplandylar we Bakuwyň merkezinde ýöriş geçirmäge häkimiýetleriň garşylyk görkezendikleri sebäpli, şäheriň häkimi Hajibala Abutalibowyň wezipesinden çekilmegini talap etdiler.

Polisiýa protestçileriň häkimiň edarasyna barmaklaryna ýol bermedi.
XS
SM
MD
LG