Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan: Žanaözende tussag edilen raýatyň aýalyna günä bildirildi


Gazagystanyň Žanaözen şäherinde adam ýitgisine getiren gozgalaňlar bilen baglylykda aýyplanyp tussag edilen nebitçiniň aýaly bikanun listowka ýaýradanlykda we kanuny bozanlykda aýyplanyp, iki ýyl şertli türme tussaglygyna höküm edildi.

Duşenbe güni bolan sud diňlenişiginde sudýa köpçülikleýin çärelere gatnaşmagy we žurnalistler bilen gepleşmegi Tamara Ergazeýewa gadagan etdi.

Ergazeýewanyň ýan ýoldaşy Žanbyr Ergazeýew geçen ýylyň dekabrynda Žanaözen şäherinde nebitçileriň geçiren gozgalaňynda tussag edildi. Şol gozgalaňda polisiýa tarapyndan 16 adam öldürilipdi.

Žanaözende gozgalaňy gurnanlykda 49 adam aýyplandy we olar golaýdaky Şetpe şäherinde sud edilýär.

Ergazeýewa öz ýan ýoldaşynyň boşadylmagyny talap edip, listowka ýaýradypdy we adamsynyň garşysyna çykyş eden adama ýalan sözleýänlikde aýyplaýjy hat ýollapdy.
XS
SM
MD
LG