Sepleriň elýeterliligi

TOPH boýunça ylalaşyga gol çekiljekdigi aýdylýar


Şu hepde Türkmenistan uzak wagtdan bäri garaşylýan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşyk proýekti boýunça şertnama gol çeker diýip, “Roýter” türkmen hökümetinden bir çeşmäniň sözlerine salgylanyp, habar berýär. Bu proýekt türkmen gazyny Owganystanyň we Pakistanyň üsti bilen Hindistana çenli akdyrar.

Dünýäde gaz zapaslary boýunça dördünji orunda durýan Türkmenistan TOPH proýekti boýunça ylalaşyga çarşenbe güni Awazada gol çeker diýip, “Roýter” habar berýär.

Türkmenistanyň hökümetinden ady agzalmadyk bir resminiň “Roýter” habar gullugyna aýtmagyna görä, Türkmenistanyň TOPH boýunça Yslamabat we Deli bilen özara gaz söwdasynyň şertnamasyna 23-nji maýda Hazar ýakasyndaky Awazada geçirilýän halkara gaz konferensiýasynda gol çekiler. Bu barada goşmaça maglumat berilmeýär.

Türkmen resmileriniň aýtmaklaryna görä, 1,735 kilometr uzynlykdaky bu gaz geçirijisiniň 30 ýylyň dowamynda 1 trillion kubmetr ýa-da ýylda 33 milliard kubmetr gazy geçirmäge ukyby bar.
XS
SM
MD
LG