Sepleriň elýeterliligi

Täjigistanyň kinoprokaty “Diktator” filminden ýüz öwürdi


Täjigistanyň öňdebaryjy kinoprokat kompaniýasynyň başlygy meşhur britan wäşisi Saşa Baron Koeniň gatnaşmagynda ekranlaşdyrylan “Diktator” filminiň Täjigistanda görkezilmejekdigini aýtdy. Ol munuň sebäbini täze çykan bu komediýanyň girdeji berip bilmejekdigi bilen düşündirdi.

“Tantana” kinoprokatynyň başlygy Daler Dawlatow täjik kinoteatrlarynda “Diktatoryň” deregine Golliwudyň “Gara geýimli adamlar - 3” atly başga planetaly baradaky komediýasy görkeziler diýýär. Ol bu komediýanyň köp girdeji berjekdigini aýdýar.

“Diktator” filminde öz raýatlaryny demir penjede saklamaga dyrjaşýan ýakyn gündogarly tiranlaryň dolandyryş stili ýazgarylýar. Bu film geçen hepde kinoteatrlara ýaýrady.

Täjigistan 1992-nji ýyldan bäri awtoritar prezident Imomali Rahmon tarapyndan dolandyrylýar.
XS
SM
MD
LG