Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň prezidenti täze hökümet agzalarynyň sanawyny mälim etdi


Prezident Wladimir Putin Orsýetiň täze hökümet agzalarynyň sanawyny mälim etdi.

Duşenbe güni mälim edilen bu sanawa görä, premýer-ministriň birinji orunbasary Igor Şuwalow wezipesinde saklanyp galýar. Ol ýurduň ykdysady syýasatyna gözegçilik eder.

Maliýe ministri Anton Siluanow, goranmak ministri Anatoliý Serdýukow we uzak wagtdan bäri işleýän daşary işler ministri Sergeý Lawrow wezipelerinde galýar.

Kabinetde täze bellenen Arkadiý Dworkowiç premýer-ministriň ýedi orunbasarynyň biri bolar.

Ozalky prezident we häzirki premýer-ministr Dmitriý Medwedew saýlawçylaryň närazyçylyklaryna jogap edip, hökümetde uly özgertmeleri amala aşyrjakdygyna söz beripdi.

7-nji maýda Wladimir Putin prezidentlik wezipesiniň üçünji möhletine girişdi. Saýlawlardan soň, onuň dowamly prezidentlik etmegine garşy ýurtda köpçülikleýin protest çykyşlary möwç aldy.
XS
SM
MD
LG