Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen syýasy tussaglarynyň ykbaly näbelli


Türkmenistan Galkynyş, Agzybirlik we Magtymgulynyň poeziýa günlerini belledi. Munuň öň ýany şol baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow müň töweregi bendiniň günäsini geçmek we olary azatlyga goýbermek baradaky permana gol çekdi. Şolaryň 987-si Türkmenistanyň, 35-si daşary ýurt graždanlary diýip, türkmen metbugaty habar berdi.

Garaşsyzlygyň başky ýyllarynda günäsi geçilen adamlaryň sanawy metbugatda çap edilýärdi. Ýöne soňky döwürde türkmen häkimiýetleri diňe umumy san bermek bilen çäklenýär. Bu saparky günä geçişlikde syýasy tussaglar barmy? Bu soraga resmi jogap ýok.

2002-nji ýylyň 25-nji noýabr wakasy, ýagny öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmäge synanyşyk diýilýän waka bilen bagly köp adamlar basylypdy. Şol ýylyň ahyrynda Türkmenistanyň öňki wise-premýeri, öňki daşary işler ministri Boris Şyhmyradow “halk duşmany” diýen ýarlyk bilen 25 ýyl azatlykdan mahrum edilipdi. Basylanlaryň arasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Tagan Hallyýew, Yklymowlardan, Şyhmyradowlardan birnäçe adam, Türkmenistanyň milli howpsuzlyk edarasynyň öňki başlygy Saparmyrat Seýidow, Serhet gullugynyň öňki serkerdesi Akmyrat Kabulow, Türkmenistanyň öňki daşary işler ministri Batyr Berdiýew, türkmen hökümetiniň öňki başlygy Annamyrat Hojamyradow, türkmen hökümetiniň öňki çinownigi Rozy Jumaýew hem onuň ogullary, daşary ýurt graždanlary we başgalar bar.

“Sanjar-25” diýilýän waka bilen bagly basylan ýazyjy Ýusup Haýydow, Türkmenistanyň öňki ymamy Nasrulla ibn-Ibadulla dagy ýurtda häkimiýet çalşansoň azatlyga çykaryldy. Yklymowlardan, Şyhmyradowlardan aýal maşgalalaryň käbiriniň azatlyga çykarylandygyny wagtynda türkmen metbugaty ýazypdy.

2002-nji ýylyň noýabr wakasy diýilýänden bäri on ýyl töweregi wagt geçip barýar. Resmi häkimiýetler syýasy tussaglar, olaryň saglygy, niredeligi, soňky ykbaly barasynda ilat köpçüligine-de, halkara guramalara-da, olaryň hossarlaryna-da hiç hili maglumat bermeýärler. Bu bolsa syýasy tussaglar barasynda dürli myş-myşlaryň ýaýramagyna, olaryň ençemesiniň dünýäsini täzeländigi barasynda il içinde gürrüňleriň döremegine sebäp bolýar.

Ölümi ýa diri?

Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleriniň 70-e golaýy, şol sanda MHM-niň öňki başlygy Muhammet Nazarow dürli jenaýatlarda aýyplanyp basylypdy. Türkmenistanyň Serhet gullugynyň öňki serkerdesi Tirkiş Tyrmyýew şol basylan adamlaryň biri. Tirkiş Tyrmyýewiň garyndaşy Tirkişi 2002-nji ýylyň iýun-iýul aýlarynda ahyrky gezek görendigini, şondan bäri ol barada hiç zat bilmeýändigini, soraglaryna anyk jogap berilmeýändigini Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, her iki aýda bir gezek onuň yzyndan baryp, oňa iýer-içer ýaly zat, geýim-gejim, däri-derman berýär ekenler, indi bir ýyl bäri şol zatlary türme işgärleri olardan almaýarlar.

Boris Şyhmyradowyň aýaly Tataýana Şyhmyradowa-da on ýyl bäri adamsy barada hiç hili maglumat alyp bilmeýändigini aýdýar. Tataýana Şyhmyradowa adamsy barada informasiýa almak üçin ÝHHG-ä, BMG-niň adam hukuklary boýunça komissiýasyna, Halkara Gyzyl Haç guramasyna we beýlki guramalara, türkmen häkimiýetlerine ýüz tutandygyny, ýöne olaryň hiç birinden anyk maglumat alyp bilmeýändigini häzir özünde diňe bir islegiň – adamsynyň diriligini hem niredeligini bilmek isleginiň bardygyny aýtdy.

Düýbi Wenada ýerleşýän adam hukuklary boýunça “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatullin Türkmenistandaky syýasy tussaglar bilen ýakyndan gyzyklanýadyklaryny, ýöne maglumat almagyň hakykatdan-da kyndygyny aýdýar.

“Gynansagam, türkmen häkimiýetleri köp ýyllar bäri türkmen türmelerinde saklanýan syýasy tussaglar barada halkara jemgyýetçiligine-de, tussaglaryň hossarlaryna-da hiç hili informasiýa bermeýärler” diýip, Tuhbatullin aýdýar. “Häkimiýetleriň nämeden gorkýandygy-da belli däl. Netijede olar iň ýönekeý adam hukuklaryny-da bozýarlar”.

Tuhbatulliniň sözlerine görä, tussaglyk jezasyny çekýän adamlaryň saglygyna, zerur üpjünçiligine, kadaly ýaşaýşyna, ömrüne häkimiýetler jogapkär, ýöne şol borjuň nähili, näderejede ýerine ýetirilýändigi belli däl.

“Ýagdaýyň şeýledigine garamazdan, syýasy tussaglaryň azatlyga çykmagyna umyt baglaýarys, şonuň üçinem halkara guramalar bilen bu ugurdan iş alyp barýarys” diýip, Tuhbatullin aýtdy. “Olar öz kanallary, diplomatik kanallar arkaly türkmen häkimiýetlerine gysyşy dowam etdirýärler. Şonuň üçinem şol adamlaryň azatlyga çykjagyna umyt baglaýarys”.
XS
SM
MD
LG