Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Orsýetiň täze hökümet agzalary bellenildi


Orsýet, premýer-ministr Dmitriý Medwedew (3S) we prezident Wladimir Putin (ýokarda, Ç) täze hökümet geňeşiniň maslahatyna gatnaşýarlar, Moskwa, 21-nji maý, 2012

Orsýet, premýer-ministr Dmitriý Medwedew (3S) we prezident Wladimir Putin (ýokarda, Ç) täze hökümet geňeşiniň maslahatyna gatnaşýarlar, Moskwa, 21-nji maý, 2012

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Orsýetiň täze hökümet agzalarynyň sanawyny mälim etdi. Duşenbe güni mälim edilen bu sanawa görä, premýer-ministriň birinji orunbasary Igor Şuwalow wezipesinde saklanyp galýar. Ol ýurduň ykdysady syýasatyna gözegçilik eder.

Maliýe ministri Anton Siluanow, goranmak ministri Anatoliý Serdýukow we uzak wagtdan bäri işläp gelýän daşary işler ministri Sergeý Lawrow dagy hem wezipelerinde galýar.

Kabinetde täze bellenen Arkadiý Dworkowiç premýer-ministriň ýedi orunbasarynyň biri bolar.

Maglumatlara görä, Dworkowiç ozalky prezident we häzirki premýer-ministr Dmitriý Medwedewiň ykdysady meseleler boýunça ozalky maslahatçysy bolup, ol indi ýurduň energiýa we senagat boýunça syýasatyna jogap berer.

Moskwanyň polisiýasynyň başlygy Wladimir Kolokoltsew Raşid Nurgaliýewiň ornuna içeri işler ministri wezipesini eýeleýär. 2003-nji ýyldan bäri bu wezipäni eýelän Nurgaliýew birnäçe dawaly wakada Orsýetiň polisiýa güýçleriniň gatnaşygynyň bolandygy sebäpli tankytlanyp gelnipdi.

Dmitriý Medwedew saýlawçylaryň närazyçylyklaryna jogap edip, hökümetde uly özgertmeleri amala aşyrjakdygyna söz beripdi.

12 ýyllap häkimiýetiň başynda

7-nji maýda Putin prezidentlik wezipesiniň üçünji möhletine girişdi. Saýlawlardan soň onuň dowamly prezidentlik etmegine garşy ýurtda köpçülikleýin protest çykyşlar möwç aldy.

Putin 2008-nji ýylda prezidentlik wezipesiniň iki möhleti tamamlanyndan soň, dört ýylyň dowamynda premýer-ministr wezipesinde oturypdy. Ol Orsýete soňky 12 ýylyň dowamynda liderlik etdi.

Duşenbe güni Kremlde täze hökümet agzalary bilen geçiren duşuşygynda Putin prezident administrasiýasynyň öňki ýyllarda öňde goýan syýasatyny täze hökümetiň dowam etdirmelidigini aýtdy. Ol ministrleriň agyr global ykdysady şertlerde wezipelerini ýerine ýetirmeli boljakdyklaryny belledi.

“Häzir dünýä ykdysadyýeti näbelli ýagdaýy başdan geçirýär. Ençeme näbelli faktorlar ýüze çykýar. Ine, şeýle şertlerde siz Orsýetiň ösüş programmasyny amala aşyrmaly bolarsyňyz” diýip, Putin nygtady.

Hökümetde iki wezipäni zenan maşgala eýelär. Olaryň arasynda täze bellenen Olga Golodets premýer-ministriň sosial meseleleri boýunça orunbasary bolar.

Wezipelerini ýerine ýetirmekde berk tankytlanan saglygy saklaýyş, bilim we içeri işler ministrleri çalşyryldy.

Putiniň golaý ýarany Igor Seçin premýer-ministriň orunbasary wezipesini ýitirdi. Ýöne ýurduň energiýa syýasatyna onuň täsiri ýeter diýlip garaşylýar, çünki Putin premýer-ministrliginiň soňky gününde ony esasy döwlet energiýa kompaniýasynyň geňeşine teklip etdi.
XS
SM
MD
LG