Sepleriň elýeterliligi

Ýewrowideniýe we Azerbaýjandaky ýagdaýyň beýleki tarapy


21-nji maýda polisiýa Bakuwyň merkezinde jemlenen we raýatlaryň erkin bileleşmek hukugynyň berjaý edilmegini talap eden protestçileri dargatdy.

21-nji maýda polisiýa Bakuwyň merkezinde jemlenen we raýatlaryň erkin bileleşmek hukugynyň berjaý edilmegini talap eden protestçileri dargatdy.

Azerbaýjanyň ýolbaşçylary Ýewrowideniýe aýdym konkursynyň şu saparky geçirilişini köpçüligiň görmegine uly isleg bildirýärler. Emma Azerbaýjandaky ýagdaýyň beýleki bir tarapy-da bar. Ýurduň ýolbaşçylary ýurtdaky ýagdaýlaryň hut şu tarapynyň köpçülige mälim bolmagyny islemeýarler.

21-nji maýda polisiýa Bakuwyň merkezinde jemlenen we raýatlaryň erkin bileleşmek hukugynyň berjaý edilmegini talap eden protestçileri dargatdy. Bu protestler Ýewrowideniýe aýdym ýaryşynyň Bakuwda geçirilýän 57-nji konkursyna taýýarlyk hepdesiniň başlanmagyna gabat gelipdi.

Ýewrowideniýe aýdym ýaryşyna dünýäniň 42 ýurdunyň aýdymçylarynyň gatnaşmagyna garaşylýar we oňa telewideniýe arkaly 125 million adamyň tomaşa etjekdigi çaklanylýar. Emma şu ýyl bu ýaryşyň döredijilik tarapy dabaranyň Azerbaýjan tarapyndan gurnalmagyna degişli gapma-garşylyklaryň kölegesinde galýar.

Prezident Ylham Aliýewiň golastyndaky režim konkursyň guramaçylygy üçin öz çykdajylaryny çäklendirmändi we çak bilen $134 million dollar möçberinde pul sarp edipdi.

“Amnesty International” ýaly adam hukuklaryny goraýjy guramalar ýurduň häkimiýetiniň Aliýewiň režimini tankyt edýän žurnalistlere we aktiwistlere basyş etmekde-de özlerini çäklendirmändiklerini aýdýarlar.

Guramanyň Azerbaýjan boýunça wekili Maks Taker Azerbaýjandaky ýagdaýy “aýylganç” diýip atlandyrdy we bu ýagdaýy soňky ýyllarda Ýewrowideniýe konkursyny geçiren beýleki postsowet döwletlerinden hem ýaramaz diýip häsiýetlendirdi.

Söz azatlygy

Maks Takeriň sözlerine görä, ýurtda prezidentiň maşgalasy ýa häkimiýet gatlaklaryndaky korrupsiýa barada dil ýaran adamlar basyşa ýa-da hüjüme sezewar edilmek howpy astyna düşýär, şeýlelikde Azerbaýjanda söz azatlygynyň ýagdaýy Orsýete we Ukraina garanda has ýaramaz.

Geçen ýylda Azerbaýjan “Serhetsiz Reportýorlar” guramasynyň 179 ýurdy öz içine alýan we bu ýurtlarda metbugat azatlygynyň derejesini kesgitleýän hasabatynda 162-nji orunda ýerleşdirilipdi. Hasabatda onlarça žurnalistiň urlup-ýenjilenligi, turmä atylanlygy we hatda öldürilenligi aýdylypdy.

Režim raýatlaryň syýasy aktiwligine hem rehimsiz çemeleşýänligini görkezdi. Geçen ýylda Bakuwda geçirilen parahatçylykly protest aksiýalarynda ýüzlerçe protestçi urlup-ýenjildi ýa türma salyndy.

Häzirki wagtda Azerbaýjanyň türmelerinde 12 sany wyždan ýesiri saklanýar. Olaryň köpüsi hökümete garşy protestlere gatnaşanlygy üçin jezalandyrylypdy.

Wyždan ýesirleriniň 13-njisi Elnur Mehdi 16-njy maýda türmeden boşadyldy. Ol 2011-nji ýylyň aprel aýynda Bakuwda oppozisiýanyň protest çykyşyna gatnaşanlygy sebäpli iki ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Käbir ýewropa synçylary, Ýewrowideniýe konkursyna üns berilýärkä, Azerbaýjanyň adyna edilýän tankytlaryň hem köpçüligiň dykgatyna ýetiriljegine umyt baglaýarlar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan germaniýaly kanun çykaryjy Wolker Bek Ýewrowideniýe konkursynyň Azerbaýjanyň režimini taryplamak üçin däl-de, ýönekeý raýatlaryň kynçylyklaryna ünsi çekmek üçin ulanylmalydygyny belledi. Onuň pikirine görä, žurnalistlere, bloggerlere basyş edilip, syýasy tussaglar türmede saklanýarka, dymmaly däl.
XS
SM
MD
LG