Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HAEG-niň başlygy Eýranyň hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýdýar


Halkara Atom Energiýasy Gullugynyň (HAEG) başlygy Ýukiýa Amano atom ýaragyny öndürmek boýunça güman edilýän proýektini barlamak üçin halkara inspektorlary bilen hyzmatdaşlyga Eýranyň razylyk berýändigini aýdýar. Şol bir wagtyň özünde-de bu ugurda häzirlikçe gutarnykly karara gelinmedi.

HAEG-niň başlygy Ýukiýa Amano sişenbe güni Wenada žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Tähran bilen HAEG-niň arasynda ylalaşygyň ýakyn geljekde kabul ediljekdigini aýtdy. Bu ugurda käbir uly bolmadyk meseleleriň çözgüdi boýunça işiň dowam etdirilmelidigini Amano aýtdy.

Atom ýaragy boýunça gizlin işleriň alnyp barylýan ýeri diýlip çaklanylýan Parçin desgasyna halkara inspektorlarynyň baryp görmekleri ylalaşygyň bir bölegi bolup durýar.

HAEG-niň başlygy duşenbe güni Eýranyň gepleşiklere “taýýardygyny anyklamak üçin” Tähranda resmiler bilen duşuşdy.

BMG-niň wekiliniň Tährana saparyndan soň, çarşenbe güni Bagdatda Britaniýa, Hytaý, Fransiýa, Germaniýa, Orsýet we ABŞ bilen Eýranyň arasynda gepleşikler geçirilýär.
XS
SM
MD
LG