Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Putin ozalky hökümet agzalaryny Kremle geçirdi


Prezident Wladimir Putin ministrler kabinetiniň ozalky ýedi agzasyny Orsýetiň prezident administrasiýasynda wezipelere belledi. Mundan ozal, duşenbe güni Putin öz bellän premýer-ministri Dmitriý Medwedewiň ýolbaşçylygyndaky täze hökümet agzalarynyň sanawyny yglan etdi.

Prezidentiň täze maslahatçylary wezipelerine ozalky transport, ykdysadyýet, bilim, saglygy saklaýyş, aragatnaşyk we energiýa ministrleri bellenildi.

Ozalky içeri işler ministri Raşid Nurgaliýew prezidentiň Howpsuzlyk geňeşiniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.

Nikolaý Patruşew Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipesinde galýar. Sergeý Iwanow bolsa prezident administrasiýasynyň başlygy wezipesinde galýar.

Synçylaryň aýtmaklaryna görä, weteran syýasatçylary Kremle getirmek bilen, Putin özüniň häkimiýet başyna gelmegine garşy köpçülikleýin protest ýörişlerden soň üçünji prezidentlik möhletinde güýç toplaýana meňzeýär.
XS
SM
MD
LG