Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň goranmak ministri Merkezi Aziýa ýurtlaryna minnetdarlyk bildirdi


ABŞ-nyň goranmak ministri Leon Panetta territoriýalaryndan demir we gara ýol arkaly NATO-nyň ýüklerni daşamaga rugsat berendikleri üçin ähli Merkezi Aziýa ýurtlarynyň resmilerine minnetdarlygyny bildirdi.

Panetta duşenbe güni NATO-nyň Çikagoda geçirilýän sammitiniň çäginde Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň resmileri bilen duşuşdy.

Pentagonyň sözçüsi Jorj Littliň aýtmagyna görä, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň demirgazyk üpçünçilik ýoluny goldanlyklary üçin, Panetta olara “özüniň çuňňur minnetdarlygyny” bildiripdir.

NATO goşunlarynyň Owganystandan çykarylmak möhleti olan 2014-nji ýylyň golaýlamagy bilen, Waşington ýaraglaryny Orsýetiň we Merkezi Aziýanyň territoriýalarynyň üsti bilen daşamak üçin bu ýurtlaryň rugsadyny almak boýunça gepleşikler geçirýär.

Pakistanyň üsti bilen ýük daşamaklyk golaý we arzan düşýär, ýöne NATO-nyň howa hüjüminde 24 pakistanly esgeriň öldürilmeginden soň, Pakistan ýoluny bekledi.
XS
SM
MD
LG