Sepleriň elýeterliligi

BMG: Ýaşlaryň arasyndaky işsizlik krizis derejesine golaýlaşýar


BMG-nyň zähmet boýunça edarasy ýaşlaryň işsizlik derejesiniň 2009-njy ýyldaky global maliýe krizisiniň iň ýokary derejesine golaýlaşandygyny aýdýar.

Halkara Zähmet guramasynyň täze ýaýradan hasabatynda aýdylmagyna görä, 75 million töweregi ýaşlaryň, ýagny 15 ýaşdan 24 ýaş aralygyndaky ýaşlaryň 12,7 prosenti şu ýyl işsiz galýar.

Halkara Zähmet guramasy işini taşlanlar hasaba alynsa, bu sanyň 13,6 prosente ýetjekdigini aýdýar.

Guramanyň hasabatyna görä, ýaşlaryň işsizlik derejesi Demirgazyk Afrikada iň ýokary derejäni, ýagny 27,9 prosenti görkezýär.

2011-nji ýylda Merkezi we Günorta-gündogar Ýewropda işsizligiň derejesi 17,6 prosente düşüpdi.

Halkara Zähmet guramasy işsizlik krizisiniň aýallara has uly täsir ýetirýändigini belleýär.
XS
SM
MD
LG