Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ykdysatçy Krugman ýewrozonanyň “hakykat bilen ýüzleşjegini” çaklaýar


Demonstrant Ýewropanyň Merkezi Bankynyň öňündäki ýewronyň heýkeliniň üstünde, 16-njy maý.
Demonstrant Ýewropanyň Merkezi Bankynyň öňündäki ýewronyň heýkeliniň üstünde, 16-njy maý.

Gresiýanyň ykdysady krizise uçramagy bilen, bu ýurduň ýewro zolagyndaky orny gitdigiçe kiçelýäne meňzeýär. Nobel baýragynyň laureaty, ykdysatçy Paul Krugmanyň pikirine görä, Afinyny halas etmekligiň giç bolmagynyň mümkindigine garamazdan, ýewrony halas etmek üçin häzirlikçe wagt bar.

Amerikan ykdysatçysy, Nobel baýragynyň laureaty Paul Krugman Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda ýewro pul birligini ulanyp başlamagyň ýalňyşlyk bolandygyny aýtdy. Şol bir wagta-da ol ýewronyň halas edilmeginiň zerurdygyny öňe sürdi.

Ýewro zolagyndaky häzirki krizis Gresiýanyň aşa köp karz almagy netijesinde ýüze çykdy. Indi bolsa ýerli ilatyň häkimiýetleriň tygşytlylyk planyna garşy çykyş etmegi netijesinde bu ýagdaý syýasy hem ykdysady başagaýlyga ýazyp barýar.

Şol bir watgda-da Ýewropa Bileleşigi we Halkara Walýuta Gaznasy Gresiýa diňe tygşytlylyk şerti bilen karz berýärler.

“Gresiýa ýewro zolagyndan çykar, ýöne...”

Amerikan ykdysatçysy, Nobel baýragynyň laureaty Paul Krugman
Amerikan ykdysatçysy, Nobel baýragynyň laureaty Paul Krugman
Ýewropada bolup geçýän wakalar sebäpli, häzir Gresiýanyň ýewro zolagyndan çykaýmagynyň mümkindigi baradaky howatyrlanmalar hem gitdigiçe artýar. Ykdysadçy Krugman hem Gresiýanyň ýewro zolagyndan çykmagynyň gaty ähtimaldygyny aýdyp, onuň netijesiniň ýaramaz boljagyny öňe sürýär.

“Bu ýagdaýyň grek ykdysadyýetine gaty agyr zarba urmagy ähtimal” diýip, Krugman aýdýar. “Gresiýanyň öz kreditlerinden ýitgi çekmegi mümkin, ýöne ýagdaýyň nähili boljagyna garamazdan, şeýle çykdajylaryň bolmagy ikuçsyz. Şeýle ýagdaýda ýewropalylar ýewro zolagynyň doly dargamagynyň öňüni alyp bilseler, onda ýagdaý onçakly ýaramaz bolmaz”.

Ýöne, ykdysatçynyň pikirine görä, bu beýle aňsat çözüljek mesele däl. Nobel baýragynyň laureaty Paul Krugman ykdysady krizisler döwründe tygşytlylyk boýunça çäreleriň görülmegine garşy çykýar. Häzir ýewropa ýurtlarynyň köpüsinde bolsa hut tygşytlylyk meselesine köp üns berilýär.

Tygşytlamagyň deregine itergi

Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň köpüsi ykdysatçy Krugmanyň garaýyşlary bilen ylalaşýarlar. Muňa Fransiýada hem Gresiýada geçirilen saýlawlar hem şaýatlyk etdi. Şonda ýerli ilat tygşytlamak planyny öňe sürýän hökümetlerden ýüz öwürdi.

Ykdysatçy Krugmanyň pikiriçe, häzirki dörän ýagdaýda Ýewropanyň Merkezi Banky “hökümetlere hem banklara karz berip” hem-de inflýasiýanyň derejesini galdyryp, krizisiň öňüni almaga we ýewrony halas etmäge synanyşmaly.

“Meniň pikirimçe, eger mümkin bolsa, ýewrony halas etmek zerur. Ýöne häzirki alnyp barylýan syýasat ýewronyň halas edilmegine däl-de, tersine, onuň ýok bolmagyna getirip biler” diýip, Krugman aýdýar.

Krugman ýewro pul birliginiň ulanyp başlanmagyny ýalňyşlyk diýip hasap edýän bolsa-da, ýewrony halas etmek başartmasa, gowy bolmaz diýen pikirde.

“Sebäbi bu ýagdaý Ýewropa proýektine ýaramaz täsir eder. Bu proýekt bolsa parahatçylygy, ösüşi hem demokratiýany öz içine alýar. Şeýle gymmatlyklary biziň hemmämiz ileri tutup, olary saklamaga synanyşmalydyrys” diýip, Krugman nygtaýar.

Käbir ösen ýurtlaryň liderleri tygşytlamak boýunça hereketiň lideri - Germaniýany häzir bu plandan el çekmeklige yrmaga synanyşýarlar.

Geçen hepde senagat taýdan ösen sekiz döwletiň liderleriniň Waşingtonda geçirilen duşuşygynda Fransiýanyň täze saýlanan prezidenti Fransua Holland bilen ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bilen tygşytlamagyň deregine ösüşe ýol berip, ykdysadyýete itergi bermek meselesi boýunça gepleşik geçirdiler.

Ahlak meselesi

Häzirki ýüze çykan krizise Germaniýanyň garaýşy barada aýdyp, ykdysatçy Krugman “Financial Times” gazetiniň ykdysadyýet boýunça kommentatory Martin Wolfyň “Germaniýada ykdysadyýet ahlak filosofiýasynyň bir bölegi” diýen sözlerini getirdi.

“Olar günäli bergidarlar alan karz pullaryny ejir çekip üzmeli diýip hasap edýärler. Şeýle bolmadyk halatynda bolsa, bu ýagdaýy nemeslere kabul etmek gaty kyn” diýip, ykdysatçy Krugman belleýär.

Gresiýada häzirki dörän ýagdaý bilen bagly Germaniýa we ÝB-niň beýleki döwletlerine näme etmelidigi barada köp oýlanmaga wagtyň bolmazlygy ähtimal.

Nobel baýragynyň laureaty, ykdysatçy Paul Krugman: “Gresiýa birnäçe aýyň içinde ýewro zolagyndan çykar. Şondan soň ýewro zolagynyň beýleki bölegine hakykat gysga wagtda belli bolar” diýip, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde belledi.
XS
SM
MD
LG