Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda 2012-nji ýylyň mugallymy saýlandy


Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan geçirilen “Ýylyň mugallymy” atly professional konkursyň jemleri boýunça 2012-nji ýylyň hormatly mugallymy diýen ada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa-biologiýa fakultetiniň psihologiýa kafedrasynyň müdiri Baýram Basarow mynasyp boldy.

Türkmen metbugatynyň berýän maglumatyna görä, psihologiýa ylymlarynyň doktory, professor, döwlet baýraklarynyň eýesi Baýram Basarow bu bäsleşigiň ähli bäş görnüşinde öňe saýlanyp, üstün çykypdyr.

Mugallymçylyk käri boýunça 30 ýyl iş stažy we studentleri okatmakda baý tejribesi bolan, birnäçe ylmy we metodiki işleriň awtory Basarowyň okadan studentleriniň ýurt boýunça geçirilen ýaryşlarda we halkara olimpiadalarynda üstünlik gazanandyklary bellenilýär.

Baýram Basarowyň professional derejesi boýunça ýurduň ýokary okuw jaýlarynyň beýleki mugallymlary bilen bäsleşikde mynasyp orna eýe bolandygy maglumatda bellenilýär.
XS
SM
MD
LG