Sepleriň elýeterliligi

Ýewro krizisiniň dünýä ykdysadyýetine howp abandyrýandygy aýdylýar


Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň sişenbe güni ýaýradan hasabatynda ýewro zolagyndaky krizisiň dünýä ykdysadyýetiniň dikeldilmegine howp abandyrýandygy bellenilýär.

Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň ykdysatçylary berk tygşytlaýyş çäreleriniň zerurdygyna garamazdan, ýewro zolagynyň döwlet liderleri ykdysadyýetiň ösüşine ýardam bermeli diýýärler.

Guramanyň baş ykdysatçysy Pier Karlo Padoan “ýewro zolakdaky krizis global ýagdaýy pese gaçyrjak ýeke-täk iň uly töwekgelçilik bolmagynda galýar “ diýdi.

Emma Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy ABŞ-da şu ýyl ykdysadyýetiň takmynan 2,4 prosent, 2013-nji ýylda bolsa 2,6 prosent ösjekdigini çaklaýar.

Bu hasabat Ýewropa Bileleşiginiň liderleriniň çarşenbe güni geçirilýän sammitiniň bosagasynda ýaýradyldy.
XS
SM
MD
LG