Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Duma protest jerimeleriniň köpeldilmegini goldaýar


Ak reňkli lenta oppozisiýanyň nyşany, Orsýetiň "Adalat" partiýasynyň agzalary Döwlet Dumasynda ses berýärler, Moskwa, 22-nji may, 2012
Ak reňkli lenta oppozisiýanyň nyşany, Orsýetiň "Adalat" partiýasynyň agzalary Döwlet Dumasynda ses berýärler, Moskwa, 22-nji may, 2012
Orsýetiň kanun çykaryjylary köpçülikleýin demonstrasiýalaryň düzgünlerini bozanlara garşy jerimeleriň has ýokary möçberde köpeldilmegi baradaky kanunyň taslamasyny sişenbe güni Dumanyň birinji çagyryşynda goldap çykyş etdiler.

Bu düzgün Kremliň tarapdary “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasy tarapyndan hödürlendi. Taslama görä, her düzgün bozana 1,5 million rubl ýa-da 48 müň amerikan dollary möçberinde jerime salynar.

Oppozisiýanyň tarapdarlary bu teklibe garşy çykdylar. Olar bu teklip Prezident Wladimir Putine garşy protest hereketine howp abandyrar diýip howatyrlanýarlar.

Döwlet Dumasynda üç oppozisiýa partiýasy bu çärä garşy ses berdi. Ses berişlikde 236 agza teklibi goldady, 217-si garşy çykdy we bir adam saklandy.

Bu çäräni teklip edenleriň çykyşlarynda kanunyň kabul edilmegi “demonstrasiýalary, protestleri, ýörişleri we piketleri gurnaýjylaryň hem-de olara gatnaşýjylaryň administratiw jogapkärçiliklerini güýçlendirer” diýilýär.

Oppozisiýa liderleri garşy

Sişenbe güni ses berişlikden öň eden çykyşynda kommunistleriň lideri Gennadiý Zýuganow jerimeleriň deňagramlylygy saklamaýndygyny aýtdy.

“Biz bu kanuny goldamadyk we ony goldap hem bilmeris. 1,5 million rubl möçberindäki jerime ýeňilräk asgyranyň ýa-da üsgüreniň üçin berilýär” diýip, Zýuganow belledi.

Orsýetiň "Adalat" partiýasynyň lideri Sergeý Mironow täze jerimeleriň başgaça pikirlenýänlere garşy gönükdirilendigini aýtdy.

“Näme üçin jerimeleriň 1,5 million rubla çenli köpeldilmegine zerurlyk boldy? Munuň jogaby anyk: graždan protestlerine çykmaga taýýar adamlary gorkuzmak üçin edildi” diýip, Mironow aýtdy.

“Liberal demokratik” partiýasynyň lideri Wladimir Žirinowskiý goşmaça jerimelere garşy däldigini, ýöne teklip edilen jerimäniň möçberiniň gaty uludygyny belledi.

Dumanyň daşyndaky protest çykyşynda polisiýa "Ýabloko" partiýasynyň aktiwistlerini tussag etdi, Moskwa, 22-nji may, 2012.
Dumanyň daşyndaky protest çykyşynda polisiýa "Ýabloko" partiýasynyň aktiwistlerini tussag etdi, Moskwa, 22-nji may, 2012.
Kanuna garşy çykanlaryň birnäçesi, şol sanda “Ýabloko” partiýasynyň lideri Sergeý Mitrohin sişenbe güni Döwlet Dumasynyň daşynda protest geçirenlerinde tussag edildi.

Tussag edilmeginiň öň ýanynda Mitrohin bu çykyşynyň deputatlaryň dawaly taslamany goldamakdan saklanmaklaryna itergi bermegine umyt baglaýandygyny aýtdy.

Orsýetiň oppozisiýasy Wladimir Putiniň häkimiýet başynda dowamly oturmagyna garşy, şeýle hem dekabr aýynda geçirilen parlament saýlawlarynda galplyklara ýol berildi diýip, yzygiderli köpçülikleýin ýöriş geçirip gelýär.

Putin soňky 12 ýylyň dowamynda Orsýetiň prezidenti ýa-da premýer-ministr wezipelerini eýeläp gelýär.

Soňky hepdeleriň dowamynda birnäçe oppozisiýa lideri protestlere gatnaşandygy üçin tussag edildi we olara jerime salyndy.

Sese goýlan kanunyň tarapdarlary iýunyň başynda Dumanyň üçünji çagyryşynda taslamanyň kabul edilmegine umyt baglaýarlar.

Soňra, prezident gol goýmazyndan ozal, taslama Dumanyň ýokarky palatasynda, ýagny Orsýetiň Federal Geňeşinde serediler.
XS
SM
MD
LG