Sepleriň elýeterliligi

NATO Owganystana howpsuzlygyň jogapkärçiligini tabşyrar


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama indiki ýylyň ortalaryna çenli NATO-nyň Owganystanyň howpsuzlygynyň jogapkärçiligini ýurduň öz milli güýçlerine tabşyrjakdygyny aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama indiki ýylyň ortalaryna çenli NATO-nyň Owganystanyň howpsuzlygynyň jogapkärçiligini ýurduň öz milli güýçlerine tabşyrjakdygyny aýtdy.

Şu hepde NATO-nyň sammiti geçirildi. Çikagoda geçirilen bu ýokary derejeli duşuşyga agza döwletleriň baştutanlary we guramanyň ýaranlarydyr ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar. Sammitiň üns merkezinde bolan temalaryň biri NATO-nyň Owganystan bilen bagly planlaryna degişli boldy.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama indiki ýylyň ortalaryna çenli NATO-nyň Owganystanyň howpsuzlygynyň jogapkärçiligini ýurduň öz milli güýçlerine tabşyrjakdygyny aýtdy.

Obamanyň NATO-nyň Çikagoda geçirilen ýokary derejeli duşuşygynyň soňunda aýtmagyna görä, NATO 2014-nji ýylyň aýagyna çenli öz goşunlaryny yzyna çekýänçä, Owganystanda türgenleşik missiýasyny dowam etdirer.

Amerikan prezidentiniň sözlerine görä, owgan goşuny 2013-nji ýylyň ortalarynda harby operasiýalar boýunça inisiatiwalary öz üstüne alar, Halkara Howpsuzlygyna Ýardam beriji Güýçler bolsa harby söweşlerden çekilip, goldaw beriji roly ýerine ýetirer.

“Bu howpsuzlygyň üpjün edilmeginiň 2014-nji ýylyň aýagyna çenli owgan hökümetine tabşyrmak boýunça maksada tarap esasy ädim bolar” diýip, Barak Obama aýtdy. Onuň sözlerine görä, “NATO Owganystandaky urşuň soňuna jogapkärçilikli çykmak planyny biragyzdan goldaýar”.

Kynçylyklaryň bardygy aýdyldy

Şol bir wagtda-da amerikan prezidenti Owganystanda uly kynçylyklaryň bardygyny aýtdy we ol “Talyban” hereketini “güýçli duşman” diýip atlandyrdy: “Men ol ýerde “Bar zat edildi, bar zat birkemsiz we islegimize görä boldy, indi biz goşumyzy ýygnap, öýe gidýäris” diýmäge optimal bir pursat bolar öýdemok. Bu prosesdir we käte Yrakdaky ýaly bulam-bujar prosesdir”.

Obama “dowamly öňegidişlik” barada aýtdy, emma onuň Pakistanyň prezidenti Asif Ali Zardari bilen resmi bolmadyk we gysga gepleşiklerinde hiç hili öňegidişlik bolmady. Geçen ýylyň noýabr aýynda NATO-nyň goşunlary ýalňyşlyk bilen Pakistanyň 24 harbysyny atyp öldüripdi. Şu sebäpli Pakistan öz üstünden geçýän NATO-nyň goşunlary üçin üpjünçilik ýoluny ýapypdy.

Barak Obama ABŞ-nyň Pakistan bilen bu gepleşiklerinde üpjünçilik ýoluny açmak meselesiniň çözüljegine garaşmandygyny aýtdy, emma bu ugurdan “tutanýerlilik bilen öňegidişligiň” gazanylýanlygyny hem belledi.

NATO-nyň Baş sekretary Anders Fog Rasmusseniň metbugat konferensiýasynda aýtmagyna görä, 28 agzadan ybarat ýaranlygyň ýokary derejede geçirilen bu duşuşygynda gurama öz öňünde goýan maksatlaryna ýetipdir.

Owgan goşuny üçin maliýe kömegi

NATO-nyň Baş sekretarynyň aýtmagyna görä, sammitde Owganystanyň geljegine degişli meseleler, gorag maksatlary bilen maýa ýatyrmak we 21-nji asyrda ýüze çykýan kynçylyklara garşy durmakda tutuş dünýädäki partnýorlar bilen bileleşmek ýaly meseleler maslahat edilipdir.

Şeýle-de NATO-nyň liderleri owgan polisiýasyny hem goşunyny uzak möhletleýin maliýeleşdirmek meselesine hem üns berdiler. Waşington öz ýaranlarynyň bu ugurda 2014-nji ýyldan soň hem pul çykarmagyny isleýär we $1,3 milliard dollary agzaýar.

Şu günki güne çenli Owganystana Beýik Britaniýadan ýylda 100 million dollar ýatyrylýar, Italiýadan 120 million dollar, Kanadadan 110 million dollar, Awstraliýadan 100 million we Türkiýeden 20 million dollar berilýär.

NATO-daky partnýorlary bilen duşuşygynda Zardari Pakistanyň hem Owganystana 20 million dollar berjegini aýtdy.
XS
SM
MD
LG