Sepleriň elýeterliligi

Awazada TOPH gaz proýekti boýunça ylalaşyga gol çekildi


Çarşenbe güni Türkmenistanda energetika meselesi boýunça geçirilýän halkara konferensiýasynda Türkmenistanyň, Pakistanyň we Hindistanyň wekilleri TOPH gazgeçirijisiniň gurluşygy we gazyň söwdasy boýunça özara ylalaşyga gol çekdiler.

Bu mesele boýunça iki günlük konferensiýa çarşenbe güni Türkmenistanyň Awaza turistik zonasynda açyldy. Owganystanyň üsti bilen Türkmenistandan Pakistana we Hindistana gaz akdyrmaklygy göz öňünde tutýan bu proýekti Günbatar ýurtlary, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlary hem goldap gelýär.

Bu gazgeçirijiniň gurluşygy we gazyň söwdasy baradaky ylalaşyga çarşenbe güni türkmen hökümeti bilen birlikde Pakistanyň “Inter State Gas System” atly hususy kompaniýasy we Hindistanyň “Gail Ltd” atly döwlet kompaniýasy gol goýdular.

Uzynlygy 1 müň 700 kilometrden gowrak we bahasy 7.6 milliard dollar boljak bu gazgeçirijiniň üsti bilen Türkmenistandan ýylda 33 milliard kubometr gaz akdyrmaklyk göz öňünde tutulýar.
XS
SM
MD
LG