Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainanyň Olimpiada Komitetiniň baş sekretary işden gitdi


Çarşenbe güni Ukrainanyň Olimpiada Komitetiniň baş sekretary Wladimir Graşçenkonyň Londondaky olimpiada üçin 100 sany biledi bikanun satmakçy bolandygy barada BBC habar korporasiýasynyň ýaýradan maglumatynyň yzy bilen, ol wezipesinden boşadyldy.

Bu Olimpiada Komitetiniň prezidenti Sergeý Bubka Wladimir Graşçenkonyň bilet satmak synanyşygy bilen baglanyşykly waka boýunça garaşsyz komissiýanyň derňew geçirjekdigini aýtdy.

Olimpiadanyň geçiriljek ýurdy bolan Britaniýanyň kanuny boýunça resmi ygtyýarlyk berilmezden, bilet satmaklyk jenaýat hasaplanylýar we munuň üçin 31 müň dollardan gowrak jerime göz öňünde tutulýar.
XS
SM
MD
LG