Sepleriň elýeterliligi

ÝB-niň liderleri maliýe krizisi boýunça maslahat geçirýärler


Çarşenbe güni Ýewropa Bileleşigine agza 27 döwletiň liderleri Ýewropadaky maliýe krizisi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin, Brýusselde özara maslahat geçirýärler.

Bu wakanyň öňýany, sişenbe güni Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösuş Guramasy ýewro zona girýän 17 döwletiň çäklerinde “örän çuňňur maliýe çökgünliliginiň” bolmak howpunyň bardygyny aýdyp, beýanat etdi.

Ýewropa Bileleşiginiň liderleri Brýusseldäki maslahatda Ýewropada ykdysady ösüşe itergi bermekligiň ýollary barada pikir alşarlar diýlip garaşylýar.

Fransiýanyň täze saýlanan prezidenti Fransua Olland ykdysady taýdan ösüşe ýardam beräýjek anyk çäreleriň göz öňünde tutulmadyk halatynda, özüniň hiç bir hili täze maliýe ylalaşygyna gol çekmejekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG