Sepleriň elýeterliligi

Müsüriň raýatlary ýurduň prezidentini saýlamak üçin ses berýärler


Çarşenbe güni Müsürde prezidentlik saýlawlaryna ses berişlikler başlady. Ýurduň ozalky diktator lideri Hosni Mübäregiň häkimiýetden agdarlaly bäri ilkinji gezek geçirilýän bu prezidentlik saýlawlarynda 13 sany dalaşgär prezidentlik ugrunda özara bäsleşýär.

Dalaşgärleriň arasynda Hosni Mübäregiň döwründe hökümet strukturasynda işlän resmiler-de, yslamçylar tarapyndan goldanylýan oppozisiýanyň wekilleri-de bar.

Müsürdäki bu prezidentlik saýlawlary çarşenbe we penşenbe günleri iki günüň dowamynda geçiriler. Köp synçylar birinji tapgyr saýlawlarda dalaşgärlerden hiç biriniň 50 prosentden köp ses alyp bilmejekdigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG