Sepleriň elýeterliligi

Kingsleý Karzaýy ekranlaşdyrsa...


Bu filmde Kingsleý (çepde) Karzaýyň meşhur garagul telpegini we donuny geýnip, Aladiniň ýalançy we korrumpirlenen daýysy Tamiriň roluny ýerine ýetirýär.

Bu filmde Kingsleý (çepde) Karzaýyň meşhur garagul telpegini we donuny geýnip, Aladiniň ýalançy we korrumpirlenen daýysy Tamiriň roluny ýerine ýetirýär.

Owgan prezidenti Hamid Karzaý özüni ekranlaşdyrmaga britan aktýory Ben Kingsleýe rugsat berdi.

“Filmde Hamid Karzaýyň roluny ýerine ýetirýän Ben Kingsleýi göz öňüne getirip bilýärsiňizmi?”

Bu sorag duşenbe güni Birleşen Ştatlarda CNN-iň žurnalisti Wolf Blitzer tarapyndan owgan prezidenti Hamid Karzaýa berildi.

Karzaý öz beren jogabynda Kingsleýiň “Gandi” filminde oýnan roluny ýatlap geçdi. Bu film 1982-nji ýylda sekiz baýraga mynasyp bolupdy.

“Ol beýik aktýor. Eger-de ol şol roly oýnasa, onda örän şat bolaryn, bu meniň üçin hormat bolar” diýip, Karzaý aýtdy.

Blitzeriň interwýusy Saşa Baron Koeniniň “Diktator” filminde Kingsleý Karzaýa meňzeýän adamyň roluny ýerine ýetirenden soň geçirildi.

Baron Koeniň “Diktatordaky” obrazy, Demirgazyk Afrikanyň toslama Wadiýa döwletiniň Admiral generaly Aladin dünýäniň ýakasy gaýyşly awtokratlarynyň birnäçesiniň, şol sanda Liwiýanyň öňki baştutany Muammar Kaddafiniň, Yragyň öňki baştutany Saddam Huseýniň we Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň garyşdyrylan gylyk-häsiýetlerini özünde jemleýär.

Bu filmde Kingsleý Karzaýyň meşhur garagul telpegini we donuny geýnip, Aladiniň ýalançy we korrumpirlenen daýysy Tamiriň roluny ýerine ýetirýär. Ol “ýokary lideri” häkimiýetden agdaryp, Wadiýa döwletini demokratiýa öwürmek we onuň nebit bähbitlerini daşary ýurt kompaniýalaryna satmak üçin bet niýetli plan düzýär.

Häzirlikçe aktýor Karzaýyň roluny mawy ekranlarda oýnap-oýnamajakdygy barada hiç zat aýtmady.

Ýöne, iň bolmanda, Kingsleý hiç kimiň goltugyny ogşamaly bolmaz.
XS
SM
MD
LG