Sepleriň elýeterliligi

Transowgan gazgeçirijisi boýunça ylalaşyga gol goýuldy


Türkmenistanyň wise-premýeri Baýmyrat Hojamuhammedow “proýektiň amala aşmagy bilen muňa gatnaşýan ähli taraplaryň sosial-ykdysady taýdan özgermegine güýçli iterginiň boljakdygyny” aýtdy.

Türkmenistanyň wise-premýeri Baýmyrat Hojamuhammedow “proýektiň amala aşmagy bilen muňa gatnaşýan ähli taraplaryň sosial-ykdysady taýdan özgermegine güýçli iterginiň boljakdygyny” aýtdy.

“Awaza” syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Halkara gaz konferensiýasynyň dowamynda TOPH proýektine agza Türkmenistan çarşenbe güni Pakistan we Hindistan bilen ylalaşyga gol goýdy.

Türkmen gazyny satmak we satyn almak baradaky bu ylalaşyga Türkmenistanyň “Türkmengaz” döwlet konserni, Pakistanyň hususy “Inter State Gas System” şirketi we Hindistanyň döwlet eýeçiligindäki “Gail Ltd” kärhanasy tarapyndan gol çekildi.

Türkmenistanyň wise-premýeri Baýmyrat Hojamuhammedow ylalaşyga gol goýuş dabarasynda “proýektiň amala aşmagy bilen muňa gatnaşýan ähli taraplaryň sosial-ykdysady taýdan özgermegine güýçli iterginiň boljakdygyny” aýtdy.

Birleşen Ştatlar tarapyndan goldanylýan TOPH gazgeçirijisinden ýylda 33 milliard kubometr türkmen gazyny akdyrmak planlaşdyrylýar.

Mundan öň Yslamabat bilen Tähran Eýranyň gazyny Pakistana akdyrjak gazgeçiriji baradaky planlaryny yglan edipdiler. ABŞ Pakistana bu ylalaşyk babatda duýduryş beripdi. Döwlet sekrerary Hillary Klinton Yslamabadyň bu proýekt babatda ABŞ-nyň “zeper ýetirji” jogaplary bilen ýüzbe-ýüz bolmagynyň ahmaldygyny duýdurypdy.

Owganystanyň üstünden geçmeli

Pakistanyň Nebit we tebigy resurlar ministrliginiň metbugat wekili Irfan Ashraf Kazi akdyrylmagy planlaşdyrylýan gazyň möçberi barada Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: “Gaz geçirijiden her gün ortaça 3,2 milliard kubofut gaz akdyrylar. Munuň 500 million kubofutuny Owganystan, 1,325 million kubofutuny Pakistan we 1,325 kubofutuny Hindistan alar.”

Türkmen gazyny Owganystanyň üstünden Pakistana we Hindistana akdyrjak bu proýekt baradaky gürrüňler 20 ýyl töweregi wagt bäri dowam edip gelse-de, häzire çenli onuň gurluşyk işleri başlananok. Ekspertleriň pikiriçe, munuň esasy sebäpleriniň biri Owganystandaky “Talyban” hereketi zerarly ýüze çykan durnuksyz ýagdaýlardyr. Uzynlygy 1,735 km bolar diýlip garaşylýan gazgeçirijiniň 735 kilometri Owganystanyň üstünden geçmeli.

Pakistanyň Nebit we tebigy resurslar ministrliginiň metbugat wekili Ashraf Kazi gaz geçirijiniň ugry barada Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: “Gaz geçiriji Türkmenistanyň Günorta Osman ýatagyndan başlanyp, Owganystanyň Hyrat welaýatyna, mundan soň ýurduň Gandagar welaýatyna çenli çekiler. Soňra gazgeçiriji Pakistanyň Bulujystan welaýatyndaky Çaman we Žob sebitlerine eltiler. Ondan gazgeçiriji Penjap welaýatynyň Dera Ghazi Han we Multan regionlaryna çekiler.”

“Parahatçylyk gazgeçirijisi”

Kaziniň sözlerine görä, Pakistan bilen Hindistan Owganystana gazgeçirijiniň tranzit tölegini tölär. Hindistan bolsa tranzit tölegini hem Owganystana, hem Pakistana tölemeli bolar.

Aziýanyň Ösüş bankynyň Merkezi we Günbatar Aziýa bölüminiň baş direktory Klaus Gerhausser çarşenbe güni TOPH proýekti boýunça ylalaşyga gol goýulmagyny “sebitdäki hyzmatdaşlyk üçin taryhy bir pursat” diýip atlandyrdy. Ol gazgeçirijiniň ähli taraplar üçin “diňe bähbit getirjekdigini”, şeýle-de munuň “Parahatçylyk gazgeçirijisi” boljakdygyny sözüniň üstüne goşdy.

Çarşenbe güni gol goýlan ylalaşygyň mazmuny barada häzirlikçe köpçülige hiç hili maglumat berilmedi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG