Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryly öý-hojalykçy öz durmuş şertleri barada


Üçajy şäherçesiniň ýaşaýjylary prezidentiň bu ýere eden sapary mahalynda, 2011-nji ýyl.
Üçajy şäherçesiniň ýaşaýjylary prezidentiň bu ýere eden sapary mahalynda, 2011-nji ýyl.
Azatlyk Radiosy Mary welaýatynyň Baýramaly etrabyndan 45 ýaşly öý-hojalykçy Aýnagözel bilen öz ýaşaýan ýerindäki sosial-durmuş şertleri, ilatyň umyt-islegi barasynda gürrüňdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Öz ýaşaýan etrabyňyz, daýhan birleşigiňiz barada gürrüň berýäseňiz.

Aýnagözel: Baýramaly etrabynyň S.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde iki ýüze golaý hojalyk ýaşaýar. Daýhan birleşikde hemme çopanlar kärendesine bakýalar-da indi mallary. Nyýazow daýhan birleşigi medeni zonadan uzakda ýerleşýär. Halkyň ýagdaýy kyn, işsizlik hasam. Maldarçylyk bolanda-da, näme, hemme hojalyga ýetdirip duranok ol iş. Şonuň üçin şo taýda bir iş-güýç dörediläýse, gelin-gyzlar üçinem, oglanlar üçinem. Çagaly aýallara bir çagalar bagy gurlup berläýse. Gelin-gyzlar üçin bir haly sehi bolýamy, ýene-de şoňa laýyk bir işler dörediläýse has gowy boljak.

Azatlyk Radiosy: Ilat köpçüligi häzir nähili işlerde işleýär, nädip güzeran dolandyrýar?

Aýnagözel: Çopanlar-a indi mal bakyp, çölde işleýärler. Indi edarada-zatda işleýänler-ä gününi görýä. Beýlekilerem, näme, oglan-uşaklar-a ferma-zada gidip işleýäler. Galanlaram öýde otyr.

Azatlyk Radiosy: Işsiz öýde oturan aýal-gyzlar bir zatlara güýmenýärmi?

Aýnagözel: Her kim güýjüniň ýetdiginden öýünde ony-muny eden bolýalar. Ýa biziň ýanymyzda pagta ýok kärendesine işlär ýaly. Soň şo maldarçylyk. Olam hemme hojalyga ýetdirip duranok. Orta mekdep bar okuwçylar üçin, çagalar bagy ýok, ýöne saglyk öýi bar. Onsoň klubumyz bar. Posýolka görnüşinde-dä indi köçe-köçe.

Azatlyk Radiosy: Ilatyň şu wagtky islegi näme?

Aýnagözel: Bir azajygam bolsa bir iş tapylsa, hasam halka biraz kömek boljak-da.

Azatlyk Radiosy: Suw üpjünçilik ýagdaýyňyz nähili?

Aýnagözel: Suw ýagdaýymyz erbet däl, ýöne tomsuň güni kyn bolýa-da... Bize şo kanaldan krant çekilýär. Şondan içýäs biz. Üçajy daýhan birleşigine arassalanan agyz suwuny çekmek üçin, biziň köçelerimiz zaýalandy. Suw çekjek bolup, gazuw geçirdiler. Bize-de şo suwy çekjek bolup, köçelerimiz zaýalandy-da. Düzlän ýerlerem bar, düzlemedik ýerlerem bar. Ýöne şol suw entek bize akanok. Üçajy şäherçesine bolsa arassalanan agyz suwy şu wagt barýar. Ýöne bize entek doly akanok şol suw. Biz tomus kösenemizok, ýöne suwdan kösenemizok. Kanaldan krant bilen çekilýär, şo suwdan hiç hili kösenemizok biz ýöne. Her kim öz işijigine ýeriniň barjasyndan ekýäler. Her kimiň üzümi bar, bolgar-baklajan diýdi, şoň ýaly gök önümleri şo krant bilen suwaryp...

Baýramaly bilen Türkmenabat şäheriniň aralygynda ýerleşýän ähli obalaryň ýagdaýy kynrak. Ine, prezidentimiz Üçajy şäherçesine baryp gördi. Şo taýda hemme amatlyklary bolan mekdep, çagalar bagy, klub, indi başga-da birtopar zatlar gurmaly diýdi döwrebap edip. Öňki “Rawnina” sowhozy – Nyýazow daýhan birleşiginde-de şolar ýaly zatlary salyp berseler halkyň ýagdaýy has-da gowy boljak. Indi etrap bilen biziň ýaşaýan ýerimiz, näme uzaklykda, 70 km uzaklykda ýerleşýär. Şonuň üçin halkyň ýagdaýyna seredip bir medpunktda – saglyk öýünde bir çaga dogrulýan bölümem bir açyp berseler, hasam gowy boljak-da. Häzir prezidentimiz köp ýerlerde Ene mähri sagaldyş merkezlerini, döwrebap keselhanalary gurup berýär. Şolar ýaly keselhanalar biziň obamyzda-da gurlaýsa, hasam gowy boljak.
XS
SM
MD
LG