Sepleriň elýeterliligi

Dünýä liderleri Eýrana teklip hödürleýärler


Bagdatda geçirilýän gepleşikleri Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça ýokary derejeli wekili Ketrin Eşton alyp barýar, 23-nji maý.

Bagdatda geçirilýän gepleşikleri Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça ýokary derejeli wekili Ketrin Eşton alyp barýar, 23-nji maý.

Britaniýanyň, Hytaýyň, Fransiýanyň, Orsýetiň, ABŞ-nyň we Germaniýanyň wekilleriniň gatnaşmagynda Eýranyň ýadro programmasy bilen bagly Bagdatda geçirilýän gepleşikleri Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça ýokary derejeli wekili Ketrin Eşton alyp barýar. Gepleşikleriň dowamynda ol Eýranda uranyň 20% baýlaşdyrylmagy babatda alada bildirilendigini mälim etdi.

Mundan öň Eýran urany 20% baýlaşdyrmagyny bes etmekden ýüz öwrüpdi. Uranyň baýlaşdyrylmagy boýunça alnyp barylýan işler bolsa bu ýurduň ýadro ýaragyny döretmek mümkinçiligini artdyrýar.

Eýranyň ýadro programmasyna bagyşlanan bu duşuşyga Eýran tarapyndan gatnaşan, ýurduň ýadro meseleleri boýunça ýokary derejeli resmisi Saeed Jalili Günbatar ýurtlarynyň gozgan bu meselesine entek jogap bermedi.

ÝB-niň metbugat wekili Maýkl Mann Bagdatdaky gepleşiklerde uly öňegidişlegiň gazanylmagyna garaşmaýandygyny aýtdy.

22-nji maýda Halkara Atom Energiýasy Gullugynyň (HAEG) başlygy Ýukiýa Amano Eýranyň atom ýaragyny öndürmek boýunça güman edilýän proýektini barlamak üçin halkara inspektorlary bilen hyzmatdaşlyga razylyk berýändigini mälim etdi. Şol bir wagtyň özünde-de bu ugurda häzirlikçe gutarnykly karara gelinmedi.

Ylalaşyga gelnermi?

HAEG-niň başlygy Ýukiýa Amano Wenada žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Tähran bilen HAEG-niň arasynda ylalaşygyň ýakyn geljekde kabul ediljekdigini aýtdy. “Ýöne entek onuň anyk wagtyny aýdyp biljek däl. Bu mesele öňümizdäki birnäçe günüň dowamynda anyklanar” diýip, Amano belledi.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Eýran bilen şeýle ylalaşyga gelinjegine ynam bildirip, ABŞ tarapyndan Eýrana garşy goşmaça sanksiýalar girizilen halatynda, Tähranyň ýadro ýaragyny döretmeginiň öňüni almak üçin edilýän tagallalaryň ýoga çykaryljakdygyny aýtdy.

Ýsraýylyň goranmak ministri Ehud Barak halkara jemgyýetçiligini bu gepleşiklerde Eýrana eglişik etmezlige çagyrdy. Ýsraýylyň döwlet radiosynda eden çykyşynda ol: “Eýrana garşy sanksiýalar has berkidilmese, bu ýurt öz ýadro mümkinçiliklerini ösdürmegini dowam etdirer” diýdi.

22-nji maýda Halkara Atom Energiýasy Gullugynyň (HAEG) başlygy Ýukiýa Amano Eýran bilen gol çekmeklik göz öňünde tutulýan ylalaşyga atom ýaragy boýunça gizlin işleriň alnyp barylýan ýeri diýlip çaklanylýan Parçin desgasyna halkara inspektorlarynyň baryp görmekleriniň hem girýändigini aýtdy.

Inspektorlar 2000-nji ýylda Parçinde gurlan desganyň ýadro ýaragynyň döredilmegi bilen bagly işleri geçirmek üçin zerur bolup durýandygyny çaklaýarlar. Halkara inspektorlary Parçindäki desga 2005-nji ýylda barypdylar, emma olara bu desganyň içine girmäge rugsat edilmändi.

Eýranyň talaby

Ýöne bu yalaşyga gol çekmäge razydygyny aýdan Eýran tarapy hem Günbataryň öz nobatynda eglişige gelmegini isleýär. Eýranyň prezidentiniň maslahatçysy Amir al-Musawi Hytaýyň Merkezi telewideniýesine beren interwýusynda özleriniň sanksiýalaryň ýatyrylmagyny talap edýändigini aýtdy.

“Eýran tarapy iki zady talap edýär. Olardan biri – halkara jemgyýetçiligi Eýranyň parahatçylykly maksatlar bilen ýadro energiýasyndan peýdalanmak hukugyny ykrar etmeli. Ikinjiden bolsa, Eýrana garşy adalatsyz girizilen sanksiýalar ýatyrylmaly” diýip, Amir al-Musawi nygtady.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi, öz ýadro programmasyny parahatçylykly maksatlar bilen amala aşyrýandygyny subut edýänçä, Eýrandan urany baýlaşdyrmak ýaly atom ýaragynyň döredilmegi üçin ulanylyp bilinjek işlerini doly ýatyrmagyny talap edýär.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi tarapyndan Eýrana garşy sanksiýalaryň dördünji tapgyry girizildi. Eýran bolsa ýadro energiýasyny öndürmek üçin uranyň baýlaşdyrylmagynyň özüne zerurdygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG