Sepleriň elýeterliligi

“Ýewrowideniýe” festiwalynyň birinji final topary belli boldy


Sişenbe güni Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda aýdym-saz boýunça geçirilýän “Ýewrowideniýe” halkara festiwalynda bu bäsleşigiň final tapgyrynda çykyş etjek ýurtlaryň birinji topary belli boldy.

Sişenbe günki bäsleşikde, hususan-da, Orsýetiň, Albaniýanyň, Moldowanyň, Rumyniýanyň, Ispaniýanyň, Daniýanyň, Kipriň, Gresiýanyň, Islandiýanyň we Irlandiýanyň aýdym-saz toparlary final tapgyryna çakdylar.

Final tapgyryna çykjak indiki aýdym-saz topary penşebe güni geçiriljek ýarym final bäsleşiginde belli bolar. “Ýewrowideniýe” festiwalynyň final bäsleşigi şu hepdäniň şenbe güni geçiriler.
XS
SM
MD
LG