Sepleriň elýeterliligi

Parižden ABŞ-a barýan uçardaky ýolagçy partlamak haýbatyny atdy


Sişenbe güni Parižden Birleşen Ştatlaryň Şarlotte şäherine uçup barýan uçarda bir ýolagçy aýalyň öz bedeninde partlaýyjy enjamyň ýerleşdirilendigini yglan etmeginiň yzy bilen, uçar gyssagly ýagdaýda Men ştatynyň Bangor şäherinde gonmaly boldy.

Maglumata görä, bu wakada asly kamerunly Fransiýanyň bir raýaty pilotlara kagyz üsti bilen ýazan hatynda öz bedeniniň içine operasiýa arkaly partlaýyjy enjamyň ýerleşdirilendigini mälim edipdir.

Ýöne uçaryň üstünde iki sany doktoryň geçiren barlagynda bu ýolagçy zenanyň bedeninde hiç hili operasiýanyň yzy tapylmandyr. Bangor şäheriniň aeroportunda bu ýolagçy aýaly polisiýa işgärleri tussag astyna alyp, ony sorag üçin alyp gitdiler.
XS
SM
MD
LG