Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Atambaýew trans-Aziýa demirýoluna umyt baglaýar


Gyrgyz prezidenti trans-Aziýa demirýoly barada
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:51 0:00
Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew öz hökümetiniň Gyrgyzystany Özbegistan we Hytaý bilen birikdirjek trans-Aziýa demirýol proýektini tutanýerli goldaýandygyny aýtdy.

Gurluşyk bahasy 2 milliard dollarlyk serişdä durjak bu demirýoly Hytaýyň Uýgur Awtonom Regionynyň Kaşgar şäherinden Özbegistanyň Andijan şäherine çenli çekmeklik göz öňünde tutulýar.

Ýöne bu demirýoluň Gyrgyzystanyň territoriýasyndan geçjek böleginiň gurluşygyny kimiň maliýeleşdirip biljekdigi heniz belli däl. Şol bir wagtyň özünde, Gyrgyzystanyň ilatynyň arasynda bu ýurtda Hytaýyň artýan täsirlerine negatiw garaýyş bilen garaýanlar-da az däl.

Emma prezident Almazbek Atambaýew bu proýektden Gyrgyzystanyň, mümkin boldugyça, maksimal derejede peýdalanmalydygyny nygtady.

“Bu proýekt Gyrgyzystanyň ykdysadyýetine uly itergi berer. Beýleki tarapdan, biz bu demirýoluň Gyrgyzystandaky ähli demir ýollar bilen baglanyşmalydygyny-da öňe sürýäris. Bu biziň goýýan şertimiz. Bu demirýol ýurduň Naryn we Oş regionlarynyň üstünden geçer. Bu hem demirgazyk Naryn regionynyň esasy demirýol ugruna birikmegine mümkinçilik berer. Ýagny, şu demirýol arkaly ýurduň demirgazygy we günortasy bire-birine baglaşar” diýip, prezident Atambaýew belledi.

Günortada integrasiýa ýok

Almazbek Atambaýew Gyrgyzystanyň günorta regionynda durnuklylygy üpjün etmek ugrundaky tagallalaryny mundan beýläk-de dowam etdirmekçidigini nygtady.

2010-njy ýylyň iýunynda Gyrgyzystanyň günorta regionynda etniki özbekler bilen ýerli gyrgyzlaryň arasynda ýüze çykan etniki çaknyşyklaryň netijesinde 450 töweregi adam ölüpdi we müňlerçe oýler weýran edilipdi.

Prezident Atambaýew: “Ýurduň günortasynda gyrgyz we özbek jemgyýetiniň arasynda çuňňur konfrontasiýa ýa-da düşünişmezlik we köp meseleler bar – integrasiýa ýok. Biz munuň diňe bir çözgüdini görýäris: gyrgyz we özbek jemgyýetindäki bu bölünişikleriň öňüni almak üçin kimdir-biri syýasy ädim ätmeli. Diňe şondan soň biz geljekde bu regionda täze tragediýalaryň öňüni alyp bileris. Edil häzirki wagt biz gyrgyzlaryň tarapynda-da, özbekleriň tarapynda-da milletçiligi görýäris” diýip, belledi.

Şol wagtyň özünde-de, prezident Atambaýew 2010-njy ýylyň iýunynda bolan wakalarda “daşarky güýçleriň eliniň” bolandygyny hem öňe sürdi. Emma ol bu mesele barada jikme-jik gürrüň etmekden saklandy.

Gyrgyz prezidenti Manas tranzit merkezi barada
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:57 0:00

Birleşen Ştatlaryň Manas harby bazasyny ulanmaklary bilen bagly mesele barada durup geçip, ol 2014-nji ýylda NATO-nyň aglaba güýçleri Owganystandan çykandan soň, ABŞ-nyň harby güýçleriniň Gyrgyzystanda saklanmaklary üçin zerurlygyň bolmajakdygyny we onuň operasiýalarynyň diňe graždan aeroporty arkaly amala aşyryljakdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG