Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Brzezinski: Putiniň häkimiýeti ‘anahronizm’


Birleşen Ştatlaryň öňki howpsuzlyk geňeşçisi Zbigniew Brzezinski
Birleşen Ştatlaryň öňki howpsuzlyk geňeşçisi Zbigniew Brzezinski
Birleşen Ştatlaryň öňki howpsuzlyk geňeşçisi, şeýle hem Gündogar Ýewropada adam hukuklarynyň ýol almagynyň tarapynda uzak wagtlap çykyş eden Zbigniew Brzezinski Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň häkimiýetiniň “aslynda, eýýämden anahronizmiň bir görnüşine öwrülen bolmagynyň mümkindigini” aýtdy.

23-nji maýda Waşingtonda ýerleşýän Wudrow Wilson Merkezinde çykyş eden Brzezinski Orsýetdäki häzirki Putinizmiň “global ýagdaýlara ýa-da Orsýetiň öz ýagdaýynyň aýratynlyklaryna dahyly bolman, onuň geçmiş bilen baglanyşygy bolan liderlik usulydygyny” aýtdy.

Asly polşaly Brzezinski Orsýetde güýçli orta gatlagyň emele gelmeginiň “Putiniň Orsýetiň geljegine bolan täsiriniň, belki-de, edil häzirkisi ýaly uly bolmajagyny” görkezýändigini belledi.

“Orsýetiň syýasy taryhynda ilkinji gezek şahsy gorky faktory aradan aýryldy” diýip, Brzezinski aýtdy. Ol Orsýetde dekabr aýynda geçirilen we berk tankyt edilen Duma saýlawlaryndan bäri tutuş ýurt boýunça graždan we syýasy guramalaryň tijenendigini agzap geçdi.

Putin mart aýynda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanandan soň, şu aýyň başynda Orsýetiň prezidenti hökmünde üçünji möhlet üçin kasam etdi. Putiniň täzeden häkimiýet başyna geçmegi bilen, onuň milli syýasata agalyk etmegine garşy giň gerimli jemgyýetçilik protestleri möwç aldy.
XS
SM
MD
LG