Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda gyzlaryň mekdebi zäherlendi


Tahar welaýatyndaky gyzlaryň mekdebiniň okuwçysy bejergi alýar, 23-nji maý.

Tahar welaýatyndaky gyzlaryň mekdebiniň okuwçysy bejergi alýar, 23-nji maý.

Owganystanyň resmileri ýurduň demirgazygynda ýerleşýän Tahar welaýatynyň mekdebinde 120-den gowrak okuwçynyň we 3 mugallymyň zäherlenendigini aýdýarlar.

Zäherlemek üçin edilen hüjümiň jopgapkärçiligi radikal yslamçylaryň üstüne atyldy we olaryň mekdepde anyklanmadyk bir zäherli serişdäni pürküp, howany zäherländikleri habar berildi. Köp pidalaryň özünden gidip, keselhana äkidilenligi mälim boldy.

Çagalaryň biri Sameranyň “Roýter” agentligine aýtmagyna görä, başda mekdepdäki suwuň zäherlenenligi çak edilipdir: “Biz bir okuwçynyň özünden gidip, erbet ýagdaýa düşendigini gördük. Bize suw içmäň diýdiler, emma biz eýýäm suw içipdik. Soň bizem özümizden gitdik”.

Mekdeplere edilen hüjümler

Geçen aý Tahar welaýatynda 150 gyz suw içip, zäherlenipdi. Geçen hepde Host regionynyň mekdebinde 200-den gowrak oglan okuwçy keselledi.

Şu aýda Magaryf ministrligi howpsuzlyk nukdaýnazaryndan ýurduň 11 welaýatynda 550 owgan mekdebiniň ýapylanlygyny yglan etdi.

Owganystanyň razwedka gullugynyň wekili 2014-nji ýylda halkara goşunlarynyň Owganystandan çykarylmagynyň öňüsyrasynda “Talyban” hereketiniň owgan maşgalalaryny gorkuzyp, olaryň öz çagalaryny mekdebe ibermezligini gazanmak isleýänligini aýtdy.

“Talyban” mekdepleri zäherlemegiň jogapkärçiligini öz üstüne almady, emma ol Tahar welaýatyna zorlukly hüjümleri etdi.

1996-2001-nji ýyllaryň aralygynda Owganystany dolandyran “Talyban” gyzlara bilim berilmegini gadagan edipdi. Şol döwürden bäri “Talyban” hereketiniň söweşijileri we duýgudaşlary mekdeplere köp sanly hüjümleri amala aşyrdylar.

Olar mekdepleri diňe bir zäherlemek bilen çäklenmän, raketalar bilen oka tutmak, ýakmak, mekdepleriň gyz okuwçylarynyň ýüzüne kislota serpmek ýaly hereketleri edipdiler. Şeýle-de gyzlaryň mekdepleriniň mugallymlarynyň “Talybanyň” söweşijileri tarapyndan jezalandyrylanlygy barada hem habar berlipdi.

Howpsuzlygy kepillendirmek

Şy aýyň başynda BMG-niň Owganystana ýardam beriji missiýasy mekdeplere edilýän hüjümleri ýazgaryp, owgan çagalarynyň bilimli bolmak hukugynyň depelenýänligini aýtdy.

Missiýa Owganystanyň hökümetine we NATO-nyň halkara güýçlerine ýüzlendi we “mekdepleri, okuwçylary hem mugallymlary goramak boýunça netijeli howpsuzlyk çäreleriniň kepillendirilmegini” talap etdi.
XS
SM
MD
LG