Sepleriň elýeterliligi

Seul jynsy zorluk edene garşy himiki kastrasiýa ulanmakçy


Penşenbe güni Günorta Koreýanyň häkimiýetleri çaga zorlamakda birnäçe gezek jenaýat jogapkärçiligine çekilen bir erkek adamy himiki taýdan kastrirlemek, ýagny agtalamak barada karar çykardylar.

Munuň özi Günorta Koreýada ilkinji gezek çaga zorlan adama garşy görülýän şeýle çäredir.

“Assoşieýted Press” habar agentligine beren interwýusynda Adalat ministrliginiň bir resmisi 45 ýaşly bu jenaýatça garşy şu hepdäniň anna güni ilkinji gezek ýörite himiki sanjymyň ulanyljakdygyny mälim etdi.

Resmileriň maglumatyna görä, 13 ýaşdan kiçi bolan dört sany çagany jynsy taýdan zorlamakda aýyplanyp tussag edilen bu adam 10 ýyllyk tussaglykdan soň, şu ýylyň iýul aýynda türmeden boşadylar we geljek üç ýylyň dowamynda yzygiderli himiki sanjym alar.
XS
SM
MD
LG