Sepleriň elýeterliligi

Azeri aýdymçysy Ýewrowideniýä piçjiň atýar


“Wermişel” diýlip atlandyrylan wideoýazgyda Jamal Aliniň ýanyndaky aýdymçylar onuň türmede gynalan halatynda başyna halta geýdirilendigini aýdýarlar.

“Wermişel” diýlip atlandyrylan wideoýazgyda Jamal Aliniň ýanyndaky aýdymçylar onuň türmede gynalan halatynda başyna halta geýdirilendigini aýdýarlar.

Ýakynda Watanyny terk etmäge mejbur bolan azerbaýjanly rok aýdymçysy ýurduň resmilerini ýaňsylaýan wideoýazgysyny köpçülige ýetirdi. Şonda eden çykyşynda ol prezident Ylham Aliýewiň ýolbaşçylygynda ýurduň polisiýanyň höküm sürýän döwletine öwrülendini, Azerbaýjanyň ýönekeý halkynda döreýän gahar-gazabyň, lapykeçligiň döwrebaplyk perdesiniň aňyrsynda ýaşyrylýandygyny aýdýar.

Azerbaýjanly rok aýdymçysy Jamal Ali Bakuwda geçirilýän Ýewrowideniýe bäsleşigi gutaransoň öz janyna howp abanmagyndan howatyrlanyp, geçen hepde ata Watanyny terk etmäge mejbur boldy.

Germaniýadan syýasy başpena soran 24 ýaşly aýdymçy 3 aý mundan ozal oppozisiýanyň gurnan mitinginde çykyş edenligi sebäpli, “bozgaklykda” aýyplanyp, 10 gün türme tussaglygyna höküm edilipdi. Ol tussaglykda bolanda özüniň gynalandygyny aýtdy.

Şol wakadan soň Jamal Ali barada dünýä metbugatynda köp maglumatlar peýda boldy. Bu waka “The Guardian”, "Huffington Post", BBC ýaly habar serişdeleriniň üns merkezine düşdi. “BBC Panorama” programmasynda aýdymçy bilen bagly taýýarlanan gepleşik “Ýewrowideniýäniň hapa syry” diýlip atlandyryldy.

Azatlyga çykanyndan soň Jamal Ali Azatlyk Radiosynyň Azerbaýjan gullugyna beren interwýusynda bu wakada polisiýa işgärlerini günäkärlemeýändigini aýtdy: “Polisiýa diňe öz işini edýär. Men şu 10 günüň içinde olaryň ýagdaýyna, olaryň näme sebäpli özlerini şeýle alyp barýandygyna düşünmäge synanyşdym. Men olary doly aklamak islemeýärin, ýöne olaryň işleýän sistemasy şeýle gurnalan. Olara ýokardan buýruk berilýär”.

Jamal Ali bilen bagly waka, Azerbaýjanda Ýewrowideniýe bäsleşigine görülýän taýýarlyklarda korrupsiýa ýol berilýändigi barada peýda bolan maglumatlardan soň, prezident Aliýewiň edarasynyň abraýyna ýene bir zarba boldy. Ýöne, azeri resmileri hem dek oturman, hüjüme başladylar. Ýurduň daşary işler ministri Elmar Mammadýarow “Wall Street Journal" gazetinde ýörite makala ýazyp, onda “Ýewrowideniýe bäsleşiginiň Azerbaýjanda geçirilýändigine özleriniň buýsanýandygyny” aýtdy.

Azeri resmisi aýdym-saz boýunça halkara bäsleşiginiň öz ýurtlarynda geçirilmeginiň Azerbaýjanyň halkara jemgyýetçiligindäki ornunyň gaýtadan dikeldilýändiginiň alamatydygyny belläp, bu çäräniň garaşsyzlyk ýyllarynda ýurtda gazanylan üstünlikleri beýan etmäge mümkinçilik döredýändigini nygtady.

“Wermişel”



Azerbaýjanly rok aýdymçysy Jamal Ali bolsa, öz aýdymlarynda ýurduň resmileriniň aýdanlaryny ýalana çykaryp, öz diňleýjileriniň ünsüni häkimiýet başyndakylaryň azeri jemgyýetine ýetirýän ýaramaz täsirine çekýär.

“Wermişel” diýlip atlandyrylan wideoýazgyda Jamal Aliniň ýanyndaky sazandalar onuň türmede gynalan wagty başyna halta geýdirilendigini ýaňzydyp, olar hem kelleleri haltaly çykyş edýärler.

Bu wideoýazgyda aýdymçy Bakuwyň köçelerinde gezip, Ýewrowideniýe bäsleşigini geçirmek üçin ýaşaýyş jaýlaryny ýykyp, 23 müň orunlyk “Kristal Holl” konsert köşgüniň gurulmagyna ünsi çekip, şeýle aýdym aýdýar: “Meniň öýüm ýykyldy, men öýsüz-öwzarsyz galdym, Ýewrowideniýe meniň nämäme gerek?”

Soňra ol Bakuwyň häkimi Hajybala Abutalybowyň hem-de prezidentiň maşgalasynyň daşary ýurtlarda kaşaň jaýlarynyň bardygyny ýaňzydyp: “Siz näme edýärsiňiz? Jaýlary ýykmak isleseňiz, baryp Dubaýdaky öýleri ýykyň” diýýär.

Rok aýdymçysy Jamal Ali bu wideoýazgysyny şu hepdede Bakuwda geçirilýän Ýewrowideniýe bäsleşigine ýörite gabatlap, köpçülige ýetirdi.

Bu wideoýazgy geçen gezekki bäsleşikde ýeňiş gazanan Ell hem Nikkiniň çykyşyndan ýa-da bu bäsleşige gatnaşýan Ylham Aliýewiň giýewisi Emin Agalarowyň çykyşlaryndan artyk meşhur bolup bilmez. Ýöne Bakuwda geçirilýän Ýewrowideniýe bäsleşigi bilen bagly peýda bolan maglumatlar bilen bir hatarda Jamal Aliniň bu wideoýazgysy “Kristal Holldaky” çykyşlara kölege salar.
XS
SM
MD
LG