Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Auň San Su Çi soňky 24 ýylda ilkinji gezek daşary ýurda çykýar


Mýanmaryň oppozisiýa lideri, Nobel baýragynyň laureaty Auň San Su Çiniň syýasy partiýasy onuň ýakyn günlerde ýurduň daşyna sapar etjekdigini mälim etdi.

Maglumata görä, Auň San Su Çi geljek hepde Taýlandda geçiriljek Dünýä Ykdysady Forumyna gatnaşar. Munuň özi Mýanmaryň oppozisiýa lideri Auň San Su Çiniň soňky 24 ýylda ilkinji gezek ýurduň daşyna çykmasy hökmünde alamatlanar.

Ol 1988-nji ýylda Mýanmardaky oppozision hereketleri goldamak üçin, bosgunlykdan öz ýurduna dolanypdy. 1989-njy ýylda Su Çi harby hunta tarapyndan tussag edilip, 15 ýyllap öý tussaglygynda saklandy.

Şu ýylyň aprelinde Mýanmarda geçirilen parlament saýlawlarynda Auň San Su Çi ilkinji gezek parlamente deputat saýlandy.
XS
SM
MD
LG