Sepleriň elýeterliligi

Alla Jiýoýewa premýer-ministriň orunbasary wezipesine bellendi


Çarşenbe güni Günorta Osetiýanyň täze saýlanan prezidenti Leonid Tibilow prezidentlige dalaş eden oppozisiýa wekili Alla Jiýoýewany premýer-ministriň orunbasary wezipesine belledi.

Geçen ýylyň noýabrynda Günorta Osetiýada geçirilen birinji tapgyr saýlawlarda Alla Jiýoýewa sesleriň köplügine eýe bolupdy. Emma respublikanyň Ýokary sudy saýlawlarda galplyklaryň bolanlygyna salgylanyp, onuň netijesini güýçsüz diýip yglan edipdi.

Şu ýylyň 25-nji martynda geçirilen ikilenji tapgyr prezidentlik saýlawlaryna Alla Jiýoýewa gatnaşdyrylmady we onda Günorta Osetiýanyň Howpsuzlyk Komitetiniň ozalky başlygy, Moskwa tarapdar Leonid Tibilow ýeňiji diýlip yglan edildi.
XS
SM
MD
LG