Sepleriň elýeterliligi

Gara deňziň kenarlarynda öli delfinler tapyldy


Köpsanly ekspertleriň pikiriçe, delfinleriň ölmeginiň esasy sebäbi Gara deňziň hapalanmagy bilen bagly.

Köpsanly ekspertleriň pikiriçe, delfinleriň ölmeginiň esasy sebäbi Gara deňziň hapalanmagy bilen bagly.

Gara deňziň Orsýet we Ukraina ýakalarynda köp sanly öli delfinler tapyldy. Ýerli resmiler muňa sowuk howa şertleriniň, brakonýerleriň ýa-da infeksiýanyň sebäp bolan bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar. Emma daşky gurşawy goraýan aktiwistler munuň sebäbini Soçide bina edilýän Olimpiada desgalarynyň gurluşygyndan çykýan zäherli maddalardan görýärler.

Orsýetiň kurort ýerleriniň biri, Gara deňziň ýakasyndaky Soçi şäheriniň kenaryndan her gün diýen ýaly delfiniň maslygy tapylýar. Daşky gurşawy goraýjy aktiwistler bu ýagdaýlara ünsi çekip, howsala düşdüler. Kenardan öli delfiniň çykmagy turistleriň hem dynç alşyny harap edip bilýär.

Resmiler balyk torlaryny günäkärleýär

Orsýetli turist Aida Kobž, geçen hepdede kenarda öli delfinleriň toparyna duş gelenden soň, gaty tolgunandygyny aýdýar. Ol: “Şol ýerde ähli adam ölen kiçi delfinleriň maslygynyň daşynda ýygnandylar. Öli delfinler garnyny pökgerdişip ýatyrdylar. Pahyr jandarlar! Käbirleri kenara çykarylan bolsa, käbirleri entegem suwuň ýüzünde çabalanyp ýatyrdy” diýip, gürrüň berdi.

Öli delfinler mundan birnäçe hepde ozal Gara deňziň Orsýet kenaryndan tapylyp başlandy. Şuňa meňzeş ýagdaýlar Ukrainada-da ýüz berdi.

Daşky gurşawy goraýjylar soňky döwürde şol sebitde 300 çemesi jandaryň ölendigini aýdýarlar. Ýerli resmiler delfinleriň ölmeginiň sebäplerini derňemek üçin o diýen bir uly tagalla etmeýäne meňzeýär. Olar delfinleriň ölümine brakonýerleriň we balyk torlarynyň sebäp bolýandygyny aýdýarlar. Olar gazaply gelen gyşyň hem bu ýagdaýlary döredip biljekdigini öňe sürýärler.

Asyl sebäp näme?

Käbir ekspertler delfinleriň haýsydyr bir wirus sebäpli hem heläk bolýandyklaryny çaklaýarlar. Zoolog Konstantin Andramonow şeýle diýýär: “Gynansak-da, ölýän delfinleriň sany gitdigiçe artýar. Bular ýaly wakany Ukrainada-da görmek bolýar. Biziň çaklamamyza görä, heläkçilik her 20 ýylda döreýän bir infeksiýa sebäpli ýüze çykýar.”

Ýöne beýleki köpsanly ekspertleriň pikiriçe, esasy sebäp Gara deňziň hapalanmagy bilen bagly. “Ecological Watch” guramasynyň işgäri Waleriý Brinik şeýle gürrüň berýär: “Bu ýagdaý Soçide ýyldan-ýyla gaýtalanyp dur. Käwagt köp öli delfinler tapylýar, kämahal hem az. Emma häzirki ýagdaýa tebigy sebäplerden ýüze çykýar diýip bolanok. Belki-de, bu suwuň hapalanmagy zerarly bolýandyr.”

Daşky gurşawy goraýjalaryň aýtmagyna görä, 2014-nji Gyşky Olimpiýa oýunlaryny Soçide geçirmeli diýlen karara gelnenden soň, daşky gurşawyň hapalanmagynyň derejesi juda ýokarlanypdyr. Olar Soçide alnyp barylýan gurluşyk işleriniň şäheriň ekosistemasyny weýran edýändigini belleýärler.
XS
SM
MD
LG