Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oppozisiýa Bakuda talaplar bilen çykyş etdi


Bakudaky demonstrasiýa wagty gražran geýimindäki polisiýa işgärleri protestçilerden birini tussag edýär. Baku, 24-nji maý, 2012.
Bakudaky demonstrasiýa wagty gražran geýimindäki polisiýa işgärleri protestçilerden birini tussag edýär. Baku, 24-nji maý, 2012.
Penşenbe güni Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda media azatlygyna çagyryş edip, demonstrasiýa gurnan protestçiler polisiýa güýçleri bilen çaknyşdylar.

Azerbaýjanyň oppozisiýasy Bakuda geçirilýän halkara “Ýewrowideniýe” aýdym-saz festiwalyna gabatlap, halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni ýurtdaky ynsan hukuklarynyň ýaramaz ýagdaýyna çekmek maksady bilen, şu hepde protest demonstrasiýalaryny gurnamaklyga çalyşýar.

Penşenbe güni Bakudaky Telewideniýe merkeziniň öňünde 30 töweregi adam piket geçirmäge synanyşanda, polisiýa olaryň aglabasyny öňünden taýýarlanyp goýlan maşynlara dykyp, alyp gitdi.

Aradan az salym geçensoň, tussag edilenler boşadyldy. Emma ýurduň Içeri işler ministrligi tussaglykda ýene kimlerdir-birleriniň galandygy ýa galmandygy barada maglumat bermekden saklandy.

Anyk talaplar edildi

Bakuwyň merkezinde demonstrasiýa ýygnananlar Milli telewideniýeden syýasy oppozisiýa üçin ýörite efir wagtynyň berilmegini talap ediji plakatlary göterip, çagyryşlar bilen çykyş etdiler.

Mundan daşary, käbir aktiwistler Azerbaýjanda demokratik prinsipler esasynda azat saýlawlaryň geçirilmegi baradaky çagyryşlary-da öňe sürdüler.

Bu demonstrasiýanyň öňýany, ir bilen “Jemgyýet Palatasy” atly oppozision hereketiň liderleri Gulaga Aslanly bilen Tofik Ýakublyny, şeý hem oppozision Halk Fronty partiýasynyň lideriniň orunbasary Gözel Baýramlyny-da polisiýa tussag etdi.

Azatlyk Radiosynyň Azeri gullugy bu oppozision liderleriň berneme soňra ýenil pul jerimesi bilen azatlyga goýberilendiklerini habar berdi. Aktiwistler oppozisiýa liderleriniň ir bilen tussag edilmeklerine Bakudaky demonstrasiýalaryň öňüne böwet bolmak üçin görlen çäre hökmünde baha berýärler.

“Human Rights Watch” guramasynyň soňky hasabatyna görä, häzirki wagt Azerbaýjanyň türmelerinde öz professional işleri bilen baglanyşykly azyndan bäş žurnalist we iki blogger türme tussaglygynda saklanýar.
XS
SM
MD
LG