Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebaply mugallym: ‘Iş sagatlary ýetenok’


Türkmenistanyň ozalky prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň häkimiýeti döwründe ýurduň bilim sistemasynyň düýpli çökendigi barada köp gürrüň edildi.
Türkmenistanyň ozalky prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň häkimiýeti döwründe ýurduň bilim sistemasynyň düýpli çökendigi barada köp gürrüň edildi.
Türkmenistanyň ozalky prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň häkimiýeti döwründe ýurduň bilim sistemasynyň düýpli çökendigi barada köp gürrüň edildi. Bu ugurdaky bilermenleriň aýtmaklaryna görä, çöken bilim sistemasyny dikeltmek meselesi örän agyr, ýitirilen ýokary derejeli kadrlary täzeden taýýarlamak işi bolsa birnäçe ýyl talap edýär.

Şu günki gün Türkmenistanyň mekdeplerinde ýagdaý nähili? Lebap welaýatyndan mugallym Juma Berdiýew Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda mekdeplerde mugallym kadrlarynyň ýagdaýy barada gürrüň berdi.

J. Berdiýew: Mugallymlaryň iş ýükleri her haýsysynyň ugry boýunça mekdeplerde bar bolsa, mysal üçin, ýa matematika, ýa-da türkmen dili we edebiýaty, ýa-da himiýa-biologiýa, ýa beýleki predmetler boýunça şol mekdeplerde mugallymlar az bolsa ýüki ýeterlik – 24 sagatlyk bolýar, ondan köprägem bolýar. Eger şo mekdepde, mysal üçin türkmen dili ugrundan 4-5 bolýar. Onsoň ol türkmen dilinden saňa sagady belli, okaýan klas belli, olaryň sagady az boluberýär. Onsoň ýaňky türkmen diliniň ýerine başga sagatlar, başga predmetler, başga sapaklar berilýär. Ine, esasy problema şu taýda durýar.

Azatlyk Radiosy: Siziň gürrüňiňizden çen tutsak, onda mekdebiňizde mugallymlara iş sagatlary ýetenok. Şeýlemi?

J. Berdiýew: Ýetenok, ine, mysal üçin, bir mekdepde türkmen dili we edebiýaty mugallymy ýedi mugallym bar. Okadýanam jemi sagat, klaslar boýunça tä dörtden ona çenli, köp bolsa 60 sagada ýeter-ýetmez bolýar. Altmyş sagadam ýedä bölseň, näden bolar? Şonuň üçin esasy problema şo taýda. O taýda öň ýerleşen mugallymlar, oň öýi bar, çagalary bar, ondan soňam şo taýda “günüm geçse bolar” diýip, bir 10-12 sagady okadyp geziberýär.

Azatlyk Radiosy: Mekdeplerde kadr meselesiniň sazlaşyksyzlygynyň sebäplerini nämede görýäňiz?

J. Berdiýew: Şol mekdep çet ýerde bolup, wagtynda okuwa girmedik, şondan çaga wagtynda instituta girmedik. Onsoň daş ýerden şo çet ýerdäki adamlaryň gidesi gelmeýär. Oňa jaý gerek, ýaşaýyş gerek. Soň bärde okadyberýär. Näçe sagat bolsa, 5 sagat bolsa-da, “stažym köýmesin” diýip okadyberýär. Haçan ýa biri ýogalmaly, ýa-da pensiýa gitmeli, şolar ýaly şert bolynça geziberýär.

Azatlyk Radiosy: Obalardan ýokary okuw jaýlaryna okamaga gidip, yzlaryna – oba dolanmaýanlar hem bardyr...

J. Berdiýew: Öý şertlerine bagly ol, sebäbi öý şertlerinde hemme zatlar bar bolsa, ýetik bolsa, ýaşamaga jaýy bolsa... Käbir adamlaryň ogly gidýär-de, onsoň okuwa girýä, şo taýdan bir gyz alýa-da, ýa Aşgabatda, ýa Türkmenabatda boluberýär. Gyzyň ýaşaýşy gowy bolýa-da, öýünden ganymat bolýa-da, şo taýda galyberýär.

Azatlyk Radiosy: Ýokary mekdeplerden mugallymçylyk etmäge gelýän ýaş kadrlaryň bilim derejesine nähili baha berýäňiz?

J. Berdiýew: Ýaş kadrlaryň häzir bilim derejesi ýeterlik däl. Sebäbi instituty gutaryp baran mugallymlar okatmagyň metodikasyny bilmeýär. Onsoň, ine, mekdepde esasy döwlet dokumenti bolup hasaplanýan klas žurnalyny doldurmagy oňarmaýarlar. Žurnalyň başynda ýazylan: hem mugallym üçin jogapkär berýän zat klas žurnaly. Her kimem özüçe jogap berýär. Şol žurnaly dolduryp bilmeýär instituty gutaryp baranlaryň köpüsi. Ine, Çärjewi geçen ýyl gutaran oglan biziň mekdebe bardy. Onsoň men aýtdym: “Žurnaly nähili doldurýaň?” diýdim. “Žurnaly nähili doldurmasyny men bilemok. Okuw bölüminden sorap biläýmesem” diýdi. “Sen dört ýyl okadyň. Näme üçin bileňok?” “Aý, biz o taýda žurnal dolduryp göremizok” diýip jogap berýä-dä. Özem institutam gutaran. Men onsoň ol mugallymdan soradym: “Sen näme üçin göreldeli mekdebe barman, çet ýere gatnaýaň?” diýsem, “Aý, men çet ýere, işlemäge oňaýly”. Çet ýere gelenleriň sebäbi esasy, olar žurnal doldurmagy bilenok, tematiki sapak planlary ýazmasyny bilenok.
XS
SM
MD
LG