Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainanyň parlament spikeri parlamenti dargytmagy teklip etdi


Anna güni Ukrainanyň parlamentiniň spikeri Wladimir Litwin parlamentiň düýpli krizisdedigini aýdyp, onuň dargadylmagyny teklip edip, çykyş etdi.

Onuň şeýle teklip bilen çykyş etmegine penşenbe güni Ukrainanyň parlamentinde deputatlaryň öz aralarynda ýumruklaşmaklary sebäp boldy. Bu wakada bir deputatyň kellesi ýarylyp, ol “tiz kömek” maşynynda alnyp gidildi.

Bu ýumruklaşma Ukrainanyň dolandyryjy Regionlar partiýasynyň rus diliniň statusyny ýokarlandyrmak barada eden teklibi bilen baglanyşykly jedellerde ýüze çykdy.

Anna güni parlamenti dargytmak barada spiker Wladimir Litwiniň eden teklibi parlamentde goldanylmady.
XS
SM
MD
LG