Sepleriň elýeterliligi

Türkiýede janyndan geçen hüjümçi partlama amala aşyrdy


Anna güni Türkiýäniň mediasy ýurduň Kaýseri prowinsiýasynda janyndan geçen bir hüjümçiniň bomba partlamasyny amala aşyrandygyny habar berdi.

Medianyň maglumatyna görä, bu hüjümçi maşyna ýerleşdirilen partlaýyjy maddalary Kaýseri prowinsiýasyndaky Pinarbaşi şäherçesinde, polisiýa edarasynyň ýanynda partladypdyr.

Wakada hüjümçiniň özünden başga bir polisiýa ofiseriniň ölendigi habar berilýär. Bu hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG