Sepleriň elýeterliligi

Fransiýanyň täze prezidenti Owganystana garaşylmadyk sapar etdi


Fransiýanyň täze saýlanan prezidenti Fransua Olland anna güni Owganystana garaşylmadyk sapar etdi.

Ol oňi bilen Owganystanyň Kapisa welaýatyndaky fransuz goşunlarynyň ýerleşýän ýerine bardy. Ol ýerde Fransiýanyň 3 müň 400 harbysy gulluk alyp barýar.

Fransiýanyň hökümeti özüniň Owganystandaky goşunlaryny şu ýylyň ahyryna çenli bu ýurtdan doly çykarmaklygy planlaşdyrýar.

Bu baradaky meseleler Fransua Ollandyň Kabulda geçirjek gepleşikleriniň-de esasy temasy bolar diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG