Sepleriň elýeterliligi

Täjigistan Günbataryň raýatlaryna wiza ýeňilligini bermekçi


Anna güni Täjigistanyň parlamentiniň aşaky palatasy Birleşen Ştatlaryň we Ýewropa Bileleşiginiň raýatlarynyň bu ýurda wizasyz gelmeklerine rugsat berýän kanunyň proýektini tassyklady.

Täjigistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mahmudjon Sabirow bu täze kanunyň doly kabul edilen halatynda, onuň belli-belli ýurtlaryň raýatlaryna wiza almazdan Täjigistanda bir aýlap galmaklaryna ýol açjakdygyny aýtdy.

Ol munuň Täjigistana daşary ýurt inwestisiýasyny çekmeklige-de ýardam eder diýip umyt edýändiklerini belledi. Indi bu kanuny proýekt Täjigistanyň Senaty we prezidenti tarapyndan tassyklanmaly.
XS
SM
MD
LG