Sepleriň elýeterliligi

TOPH gazgeçirijisiniň hupbatly ýoly


Türkmen gazynyň Pakistana, Hindistana we Owganystana akdyrylmagy boýunça ençeme kynçylyklar heniz hem saklanyp galýar.

Türkmen gazynyň Pakistana, Hindistana we Owganystana akdyrylmagy boýunça ençeme kynçylyklar heniz hem saklanyp galýar.

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gazgeçirijisiniň proýekti boýunça ylalaşyga gol çekilmegi bilen bu ugurdaky tagallalar iş ýüzünde amala aşyp başlajaga meňzeýär. Emma täze ylalaşyk uzaga çeken proýekt babatdaky umytlary gaýtadan janlandyran hem bolsa, türkmen gazynyň Pakistana, Hindistana we Owganystana akdyrylmagy boýunça ençeme kynçylyklar heniz hem saklanyp galýar.

TOPH proýekti boýunça ilkinji gürrüňler 20 ýyl çemesi wagt mundan ozal başlandy. Proýektiň henize çenli hem gurlup başlanmazlygynyň esasy sebäpleriniň biri hem bu regiondaky howpsuzlyk ýagdaýlary bilen baglydyr.

Uzynlygy 1,800 kilometr töweregi bolar diýlip garaşylýan bu gazgeçirijiniň 735 kilometri Owganystanyň günorta we günbatar sebitlerinden geçmeli. Bu ýerler hem “Talybanyň” giň gerimde hereket edýän sebitleri hökmünde tanalýar.

Şu hepde NATO-nyň liderleri Owganystandan halkara goşunlarynyň çykarylmagyny eýýäm “çözülen” mesele diýip häsiýetlendirdiler. Bu hem öz gezeginde owgan güýçleriniň howpsuzlygy näderejede üpjün edip biljekdigi barada belli bir soraglary döredýär.

Gurulmagy göz öňünde tutulýan gazgeçiriji Pakistanyň günorta-günbataryndaky Bulujystan welaýatynyň üstünden hem geçmeli. Bu regionda soňky dokuz ýylyň dowamynda separatistler bilen çaknyşyklarda müňlerçe adam heläk boldy. Pakistanyň resmileri gazgeçirijiniň has howpsuz marşrut boýunça geçiriljekdigini öňe sürseler-de, hüjüm howpy aradan aýrylanok. Buluç separatistleri Pakistanyň gazgeçirijilerini ýygy-ýygydan partladýarlar.

Regiondaky bäsleşik

Pakistanyň Maliýe ministrliginiň öňki maslahatçysy Sakib Şeraniniň pikirine görä, regiondaky we global derejedäki bäsleşik TOPH proýetkiniň amala aşmagyna päsgelçilik döredip biler.

Tähran “Transowgan” proýektine bäsdeş hasaplanýan Eýran-Pakistan-Hindistan gazgeçirijisiniň proýektini öňe sürýär. Emma bu meselede 1990-njy ýyllardan bäri TOPH proýektini goldap gelýän Birleşen Ştatlar Delä we Yslamabada basyş görkezip, olary Tähranyň hödürleýän proýekti boýunça gepleşiklerden çykmaga çagyrýar. Mart aýynda Döwlet sekrerary Hillary Klinton Yslamabadyň bu proýekt babatda ABŞ-nyň “zeper ýetirji” jogaplary bilen ýüzbe-ýüz bolmagynyň ahmaldygyny duýdurypdy.

Emma, muňa garamazdan, Şeraniniň pikiriçe, Yslamabat Eýranyň hödürleýän proýektine ýykgyn edip biler. Şerani bu meselede şeýle diýýär: “Pakistanyň köp resmileri TOPH proýektiniň amala aşjagyna juda ynamsyz garaýarlar. Meniň pikirimçe, Eýrandan Pakistana gazgeçirijiniň çekilmegi has hakykata golaý bolup görünýär. Üstesine-de, muny has gysga möhlet içinde amala aşyryp bolar”.

Hindistan bilen Pakistan häzir söwda gatnaşyklaryny gowulandyrmak ugrunda tagalla etseler-de, mundan öň bu iki ýurduň arasynda ençeme gezek ýaragly çaknyşyklar bolupdy. Häzir hem bu iki ýurduň arasynda serhet dawalary saklanyp galýar. Garaşylmadyk ýagdaýda bularyň arasynda bir konflikt ýüze çykaýsa, “Transowgan” proýekti ýene-de yza çekilmeli bolar.

Puly nireden almaly?

Aziýanyň Ösüş banky TOPH proýektini “Parahatçylyk gazgeçirijisi” diýip atlandyryp, munuň tehniki işleri üçin ençeme million dollary goýberdi. Emma proýekt üçin juda we juda köp möçberde pul serişdeleri gerek.

Pakistanyň Maliýe ministrliginiň öňki maslahatçysy Sakib Şerani proýekte gatnaşýan hiç bir tarapyň-da entek maliýe meselesi boýunça anyk hiç zat aýtmandygyny belläp geçýär. 2008-nji ýylda proýektiň gurluşygy 7.6 milliard dollar diýlip kesgitlenen bolsa, häzir munuň bahasy 12 milliarda çenli ýokarlandy.

Waşingtonyň resmileri ABŞ-nyň ençeme kompaniýasynyň bu proýekte gatnaşmaga meýilli bolmagynyň mümkindigini aýdypdylar. Emma Şerani muňa şübheli garaýar. Onuň sözlerine görä, durnuksyz Owganystanyň üstünden geçjek gazgeçirijä pul ýatyrjagy tapmak kyn bolar.

Bulardan başga-da, Owganystan bilen Türkmenistan geljekki gaz hyzmatdaşlygy babatda özara düşünişmek memorandumyna gol goýan hem bolsa, bu iş heniz hem ýola düşmedi. Bu iki ýurt gaz söwdasy babatda ylalaşyk baglaşandan soň, bar bolan päsgelçilikleriň ýene biri aradan aýrylar.
XS
SM
MD
LG