Sepleriň elýeterliligi

Gökdepeli zenan okuwçylaryň gutardyş çykdajylary barada


Aşgabat şäherinde, 25-nji maý.

Aşgabat şäherinde, 25-nji maý.

Türkmenistanyň mekdeplerinde soňky jaň mynasybetli geçirilýän dabaralar barada redaksiýamyza gowuşýan maglumatlarda köplenç ene-atalaryň aladalarynyň artýandygyna üns çekilýär.

Dabara üçin edilýän çykdajylaryň eli ýuka maşgalalara agyr düşýändigi barada Gökdepe etrabyndan özüni Gülnabat diýip tanyşdyran 32 ýaşly zenan hem aýdýar.

Gülnabat: Onunjy klasy gutarýanlaryň çykdaýjysy köpräk bolýar. Wypuska diýýä, Täze ýyl, gurbanlyk, nowruz baýramçylygy, 8-nji Mart, 23-nji fewral, gutardyş uçurymlar diýýär-dä. Gutardyşda ýadygärlik diýip galar ýaly, okuwçylaryň özleri höwes edip edýärler ony. Bir baýramçylyk üçin bir millon ýalyrak toplaýarlar.

Azatlyk Radiosy: Bagyşlaň, bu çykdajylara her bir ene-atanyň güýji ýetýärmi?

Gülnabat: Ýok, güýji ýetmeýär. Bir klasdanam gatnaşyp bilmeýän okuwçylar bar. Ýagdaýlylar edýär ony, ýagdaýsyzlar edip bilmeýär.

Azatlyk Radiosy: Adatça, gutardyş agşamy nirede guralýar, biriniň öýündemi ýa-da mekdebiň özünde?

Gülnabat: Mekdepde edilýär, mekdepde naharhana bar, şonda geçirilýär. Dürli tagamlar bişirilip, özleri geçirýärler.

Azatlyk Radiosy: Gökdepede 10-njy klasy gutarýan okuwçylaryň mugallymlara sowgat etmek däbi hem barmy?

Gülnabat: Bar. Soňky ýyl uçurymlarda mugallymlara sowgat almak, sylap bermek häsiýeti bar.

Azatlyk Radiosy: Mysal üçin, ol sowgatlara nämeler girýär?

Gülnabat: Aý, sagat alyp berýäler. Waza diýýär, şoň ýaly zatlar alyp berýärler. Erkek adamlara magnitofon, aýal adamlara gyzyl ýüzük-zat alyp berýäler. Oň ýaly ýagdaýam bolýar.

Azatlyk Radiosy: Gökdepede hem okuwçylaryň bir meňzeş eşik geýmek däbi batmy?

Gülnabat: Bar. Hemmesem meňzeş geýinýäler, barysy. Oglanlar bir meňzeş geýär, gyzlar bir meňzeş geýinýär. Ýokary okuw jaýlaram şeýle, aşak mekdep okuwçylaram. Iş ugrunda meňzeş geýinmeli olar, geýinýälerem. Almaly-da şony, meňzeş geýindirmeli-dä çagalaryňy, gutardyş üçin.

Azatlyk Radiosy: Umuman, gutardyş bilen bagly çärelerde her okuwçy näçeräk çykdajy etmeli bolýar?

Gülnabat: Hemmesi toplananda, şo bir million-da, köne puluň hasabyndan.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG