Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çehiýada ýokary bilim almak


Cehiýa ýylda bir milliondan gowrak turistiň gelýändigi aýdylýar.
Cehiýa ýylda bir milliondan gowrak turistiň gelýändigi aýdylýar.
Orta mekdeplerde iň soňky jaňyň kakylmagy bilen, uçurymyň öňünde durmuşyň täze sahypasy açylýar. Olaryň käbirleri okuwlaryny dowam etdirmekligi arzuw etseler, beýlekileri zähmet ýoluna girişýär ýa-da goşun gullugyna gidýär. Okuwlaryny dowam etdirmek isleýänleriň arasynda daşary ýurtlarda okamaga höwes bildirýänler hem bar.

Azatlyk Radiosynyň söhbetdeşi Çehiýa Respubliksasynda ýokary bilim alan, Türkmenistanyň 30 ýaşly raýaty, özüni Aýgül diýip tanyşdyran ýaş hünärmen.

Azatlyk Radiosy: Aýgül, daşary ýurda okuwa gaýtmagyňa näme itergi berdi?

Aýgül: Men Çehiýa Respublikasyna okamaga geldim, sebäbi meniň hakyky bilim almak arzuwym bardy. Türkmenistanda ýokary bilim almak mümkinçiligi çäklendirilen, okamaga isleg bildirýän ýaşlar maksadyna ýetip bilmän, köp gymmatly wagtlaryny ýitirýärler. Ýokary okuw jaýlaryna girenler bolsa okuwa degişli bolmadyk çärelere gatnaşyp, esasy işinden, ýagny ýokary bilim almakdan mahrum bolýarlar. Olar dürli subbotniklere gatnaşdyrylýar, uniwersitetiň territoriyasyny arassalamak işlerine gatnaşdyrylýar, bir giden syýasy çarelere barmaly edilýär. Jemläp aýdanymda, okuw ikinji plana düşýar we häzirkizaman bilim sistemasyndan köp yza galýar. Şol sebäpden hem men has giň bilim almak üçin Çehiýa okuwa gaýtdym.

Azatlyk Radiosy: Çehiýada okamaklygyň aýratynlyklary barada näme aýdyp biljek?

Aýgül: Ýewropada ýagdaý düýbünden başga. Islän ugruňdan okamaga mümkinçilik bar. Hünäriňi öz ýagdaýyňa, islegiňe görä saýlaýaň. Okuw prosesi studentiň diňe bilim almagyna gönükdirilen. Seminar sapaklarynda ýa-da leksiýalarda ýerli professorlar bilen bir hatarda, köplenç başga ýurduň spesialistleri gelip studentlere sapak berýärler. Hünär öwretmeklige gaty çuňňur çemeleşilýär. Studentlere kitaphanalar we internet elmydama elýeterli edilýär. Mugallymyň ýolbaşçylygynda studentiň öz saýlan proýekti boýunça özbaşdak barlag geçirmäge ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýokary hilli bilim alan spesialist hökmünde hemme ýerde saňa isleg bolýar.


Aýgül: "Praga Ýewropanyň iň owadan şäherleriniň biri hasaplanýandygy sebäpli, bu ýere ýylda milliondan gowrak turist gelýär. Şonuň üçin Çehiýada turizm ugrundan gaty güýçli spesialistler bar".

Azatlyk Radiosy: Çehiýanyň uniwersitetlerinde daşary ýurtly studentler üçin nähili şertler döredilen?

Aýgül: Bu ýerde daşary ýurtly studentler üçin ähli şertler bar. Ilki bilen çeh dilinde okamak isleýän studentlere bir ýyllyk çeh dilinden sapak almaga mümkinçilik döredilýär. Bu kurslarda diňe dil öwredilmän, studentiň saýlan ugrundan tälim hem berilýär. Oňa saýlan ugry boýunça taýýarlanmaga ýagdaý döredilýär.

Azatlyk Radiosy: Aýgül, Türkmenistanly uçurymlaryň Çehiýada okamaklary üçin olary gyzyklandyraýjak haýsy ugurlary maslahat berip biljek?

Aýgül: Bu ýerde oba hojalygy instituty bar, uniwersitetlerinde halk hojalygynyň dürli ugurlary boýunça hünärler bar, mysal üçin halkara gatnaşyklary, syýasaty öwreniş, hukuk ýaly gyzykly ugurlar bar. Bu ýerde medisina instituty hem güýçli hasaplanýar. Ony gutaran spesialistler dünýäniň köp ýurtlarynda işlemäge mümkinçilik gazanýarlar.

Çehiýada turizm boýunça hem gaty güýçli ýokary okuw mekdepleri bar. Praga Ýewropanyň iň owadan şäherleriniň biri hasaplanýandygy sebäpli, bu ýere ýylda milliondan gowrak turist gelýär. Şonuň üçin Çehiýada turizm ugrundan gaty güýçli spesialistler bar. Şol ugurdan studentlere gaty gowy tälim berýärler. Umuman, ýokary bilim almak üçin Çehiýany amatly ýurt hasaplaýan.
XS
SM
MD
LG