Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda ýokary bilim kime ýetdirýär?


Annadurdy Hajyýew: "Bilim pudagynyň işini ugrukdyrmak üçin ilki bilen mugallymlar kadrlaryna köp üns bermeli".

Annadurdy Hajyýew: "Bilim pudagynyň işini ugrukdyrmak üçin ilki bilen mugallymlar kadrlaryna köp üns bermeli".

Ýakynda Orsýete göçüp baran 40 ýaşly Sähetmyrat özüniň Türkmenistany terk etmeginiň esasy sebäbini 16 ýaşly ogluna ýokary okuw jaýynda bilim almaga mümkinçilik döretmek isländigi bilen düşündirdi.

Sähetmyrat ýaly, ýagdaý bolan halatynda, çagalarynyň bilimli bolmagynyň hatyrasyna daşary ýurtlara göçmäge taýýar Türkmenistanyň raýatlarynyň sany barmak basyp sanardan köp.

25-nji maýda Türkmenistanyň mekdeplerinde ýaňlanan soňky jaň orta mekdepleri gutaran 100 müňe golaý uçurymyň köpüsiniň ene-atalaryny alada goýýar. Sebäbi ýylda mekdepleri gutarýan 100 müňe golaý uçurymdan diňe sanlyjasy üçin Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda orun döredilen.

Ýurtda 20-den gowrak ýokary okuw jaýynyň bardygyna garamazdan, olara bir ýylda diňe 5-6 müň student kabul edilýär. Ýene 3-4 müň uçuruma döwlet programmalary boýunça daşary ýurtlarda okamaga mümkinçilik döredilýär.
Bu dörän ýagdaý bolsa soňky 10 ýylyň dowamynda 1 milliona golaý oglan-gyzyň Türkmenistanda ýokary okuw jaýlarynda okuwyny dowam etdirmek mümkinçiliginden mahrum edilendigini aňladýar.

1970-nji ýyllardan hem pes

Käbir synçylaryň pikirine görä, Türkmenistanyň bilim pudagy Nyýazowyň döwründe dargadylansoň, henize çenli özüni dürsemän gelýär.

Adam hukuklary boýunça “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň Türkmenistanyň bilim pudagynyň ýagdaýy baradaky hasabatynda berilýän maglumatlara görä, Nyýazowyň ýurdy dolandyran soňky 2006-njy ýylynda Türkmenistanyň 16 sany ýokary okuw jaýyna 3 müňden gowrak student okuwa alnypdyr. Jemi şol döwürde ýurduň ýokary okuw jaýlarynda okan studentleriň sany 13 müňe barabar diýlip, bu hasabatda aýdylýar.

Häzir häkimiýetler her ýyl 10 müňe golaý okuwça ýokary okuw jaýlaryna girmäge mümkinçilik döretdiler. Ýöne sowet döwrüniň statistikasyna göz aýlasak, 1970-nji ýyllarda Türkmenistanda diňe 6 sany ýokary okuw jaýynyň bolandygyna garamazdan, her ýyl olara 6.5 müňe golaý student okuwa alynýardy.

Häzir ýurtda ilatyň sanynyň birnäçe essse artandygyna we ýokary okuw jaýlarynyň sanynyň-da köpelendigine garamazdan, olarada 1970-nji ýyllardakylara garanyňda 3-4 esse az adama okamak mümkinçiligi berilýär.

Näme sebäpden beýle?

Bu ýagdaýy ykdysatçy Annadurdy Hajyýew ýokary okuw jaýlarynda sowatly mugallymlaryň ýetmezçilik edýändigi bilen düşündirip, bilim pudagynyň işini ugrukdyrmak üçin ilki bilen mugallymlar kadrlaryna köp üns bermelidigini aýdýar.

Ykdysatçy Annadurdy Hajyýew bilim pudagyndaky bu ýagdaýyň ýurduň ykdysadyýetine gaty ýaramaz täsir edýändigini aýdýar. Ýagny, bilermeniň pikiriçe, ýokary okuw jaýlaryndaky orunlaryň çäkli bolmagy ýurtda kadrlar problemasynyň ýitileşmegine getirýär.

Şeýle kynçylygyň bardygyny ýurduň prezidentiniň özi hem birnäçe gezek boýun aldy. Gurbanguly Berdimuhamedow geçen 3 aýyň dowamynda geçirilen hökümet maslahatlarynda eden çykyşlarynda ýurduň bäş welaýatynyň häkimlerini tankytlap, maksatnamalary amala aşyrmak meselesiniň gijikdirilýändigine ünsi çekdi.

Türkmenistanyň prezidenti şeýle kynçylyklaryň ýüze çykmagynda beýleki sebäpler bilen bir hatarada kadrlar ýetmezçiligini hem agzady.

Kanun bar, emma…

Ykdysatçy Annadurdy Hajyýewiň pikiriçe, ýokary okuw jaýlarynda studentler üçin döredilen orunlaryň gaty çäkli bolmagy bilim pudagynda korrupsiýanyň-da gülläp ösmegine getirýär. Bilermen bu kynçylygy hususy ýokary okuw jaýlarynyň açylmagyna ýol berip, çözüp boljakdygyny aýdýar.

Ýöne, Türkmenistanda hususy okuw jaýlarynyň açylmagyna ýol berýän kanunyň geçen ýylyň güýzünde kabul edilendigine garamazdan, ýurtda açylan ýa-da açylmaga taýýarlyk görülýan ýokary okuw jaýy barada häzirlikçe maglumat ýok.

Ýurduň ýokary okuw jaýlarynda orunlaryň çäkli bolmagyna, Türkmenistanyň bilim pudagyndaky kynçylyklara garamazdan, ilat köpçüligi çagalaryna ýokary bilim bermäge synanyşýar.

Şol sebäpli hem onlarça müň ýaş türkmenistanlylar öz hasaplaryna okuwlaryny dowam etdirmek üçin daşary ýurtlara gidýärler. Olardan käbirleri bolsa, gaýdyp Türkmenistana dolanyp hem barmaýarlar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG